Aşgabatda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary Ahmet Gurbanow, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, Daşary işler ministriniň orunbasary Wahid Jalalzade ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşugyň dowamynda 2024-nji ýylyň fewralynda Tähranda geçirilen hökümetara toparyň 16-njy mejlisinde gelnen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar hem-de ähli ýetilen ylalaşyklaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Mejlisiniň işiniň netijeleri boýunça jemleýji teswirnama gol çekildi.