Türkmenistanyň we Efiopiýanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministri Gedion Timotewosyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny giňeltmek barada pikir alyşmalar geçirildi.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli dialogy ýola goýmagyň zerurlygyna aýratyn ähmiýet berildi we parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler halkara düzümleriň, hususan-da BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler.
Şeýle hem daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistanda geçiriljek çärelere Efiopiýadan ýokary derejeli wekiliýetiň gatnaşmagynyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.