Ulag arabaglanyşygyny we söwda-ykdysady utgaşygyny pugtalandyrmak ugrunda

photo

2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Hereketleriň Aşgabat maksatnamasy (2024–2035) we Durnukly ulagyň onýyllygy (2026–2035) bilen baglylykda Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz sebitinde ulag arabaglanyşygyny we söwda-ykdysady utgaşygyny ösdürmek” atly tegelek stol geçirildi.

 Tegelek stoluň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow hem-de Ulag diplomatiýasynyň halkara merkeziniň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow öz çykyşlarynda köp şahaly, howpsuz halkara ulag düzüminiň döredilmeginiň ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biridigini belläp, ulag diplomatiýasynyň kuwwatyny has-da artdyrmak boýunça ileri tutulýan ugurlar, wezipeler we amaly ädimler dogrusynda nygtadylar.

Tegelek stoluň işi üç sany mowzuklaýyn bölümde dowam etdi: “Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz ýurtlarynyň BMG-niň Durnukly ulag onýyllygynyň (2026–2035) durmuşa geçirilmegine amaly goşandy”, “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty: wezipeler we geljegi uly bolan taslamalar”, “2025-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda ulag ulgamy babatynda geçiriljek çäreler barada maglumat”.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ulag ulgamynda umumy, şol sanda BMG-niň derejesinde hem-de beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmak işlerinde işjeň orny eýelemek bilen, bitarap Türkmenistan iri düzümleýin taslamalary döretmek başlangyjyny öňe sürýär we olary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde üstünlikli durmuşa geçirýär.