Ukrainanyň Ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda türkmen-ukrain ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary barada pikir alyşmalar boldy.
Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meselelere degip geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin Ilçä sagbolsun aýtdy.
Öz gezeginde, Ilçi diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde berilen hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.