Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitine gatnaşdy

photo

2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Häzirki wagtda Italiýa bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Italiýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen köp sanly Kararnamalaryň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Tebigy serişdeleriň baý gorlaryna, depginli ösýän ykdysadyýete eýe bolan we geografiýa taýdan amatly ýerleşen Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk taraplara öz mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, bu hyzmatdaşlygyň sebitiň ýurtlaryna öňdebaryjy tehnologiýalara, maýa goýumlara we senagat, energetika hem-de infrastruktura ulgamlaryndaky tejribä ýol açýandygyny bellemek gerek.

...Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän ýerine — «Garaşsyzlyk» köşgüne bardy.

Köşgüň eýwanynda döwlet Baştutanyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady.

Sammitiň öňüsyrasynda bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Premýer-ministri hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, wekiliýet Baştutanlary mejlisler zalyna bardylar. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammit geçirildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammitiň işine Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, sammitiň işine gatnaşýandyklary we şu görnüşdäki hyzmatdaşlygy goldaýandyklary üçin hoşallyk bildirdi. Gazagystanyň döwlet Baştutany sammitde söwda, maýa goýumlary, energetika, ekologiýa, ulag, logistika, ylym-bilim ýaly ulgamlara degişli möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, munuň netijesinde anyk çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirdi.

Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, foruma çakylygy hem-de myhmansöýerlik we işlemäge döredilen şertler üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammiti geçirmek baradaky başlangyjy üçin Italiýa Respublikasynyň Ministrler Geňeşiniň Başlygy Jorja Melonä minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutany bu duşuşygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Italiýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, geljegi uly bolan bu görnüşiň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini we ony ösdürmäge goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Merkezi Aziýa döwletleri sebitiň durnukly we depginli ösüşini üpjün etmek üçin şertleri döretmek maksady bilen, öz aralarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

Sebit hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürdäki has möhüm ugurlarynyň hatarynda syýasat we howpsuzlyk, ykdysadyýet, ulag, howa, suw serişdeleri ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy bellemek bolar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutany howpsuzlyk ulgamyna ünsi çekip, Türkmenistanyň bu möhüm ugra onuň bitewüligi we bölünmez häsiýeti nukdaýnazaryndan seredýändigini aýtdy hem-de munuň halkara gatnaşyklaryň dünýä gurluşynda düýpli öňe gitmeleriň häzirki döwründe aýratyn möhümdigini nygtady. Şu garaýyşdan ugur alyp, Türkmenistan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklip bilen çykyş etdi. Döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň mart aýyndaky Kararnamasy bilen makullanan bu başlangyjy goldan taraplaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp halkara forumyň geçiriljekdigini, onda dünýä gurluşy, Ýer ýüzüniň döwletleri bilen syýasy dialogyň medeniýetini ösdürmek, ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmek babatda esasy meselelere serediljekdigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, sammite gatnaşýan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ählisini bu foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Döwlet Baştutany sebit howpsuzlygy baradaky meselä geçip, Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns çekdi we Türkmenistanyň bu ýurduň häzirki häkimiýetleri bilen halkara dialogy ýola goýmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegi möhüm hasaplaýandygyny aýtdy hem-de durnukly we ykdysady taýdan ösýän Owganystanyň bütin halkara bileleşigiň bähbitlerine laýyk gelýändigine ýurdumyzyň ynanýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy, owgan ugry boýunça demir ýollaryň gurluşygy ýaly iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň mundan beýläk-de zerur tagallalary etjekdigi, şeýle hem owgan halkyna ynsanperwer kömegi bermek boýunça tagallalaryň işjeňleşdirilmegini zerur hasaplaýandygy bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine ünsi çekip, energetika, ulag, senagat, maliýe we hususy pudaklary özara hyzmatdaşlygyň däp bolan möhüm ugurlarynyň hatarynda, sanly ulgam, «ýaşyl» tehnologiýalar we emeli aň ýaly ulgamlary bolsa hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň hatarynda belledi.

Döwlet Baştutany energetika meselesini aýratyn belläp, Türkmenistanyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, ony halkara bazarlara ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatyny durmuşa geçirýändigini hem-de türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugruna çykarmaga gönükdirilen taslamalara möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Wodorod energetikasy bilelikdäki işiň ýene-de bir geljegi uly bolan ugry hökmünde bellenildi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň bu ugurda italiýaly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ulag özara baglanyşygy baradaky meselä geçip, Türkmenistanyň Aziýa — Ýewropa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hazar sebitiniň üstünden geçýän «Orta geçelge» Ýewropa taslamasynyň geljegi uly taslamalaryň biridigine ünsi çekdi.

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri-de ekologiýa we howa bolup durýar. Bar bolan senagat kuwwatlyklarynyň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, sebitde suwdan rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrülip biler diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Howa tehnologiýalarynyň sebit merkezini döretmek boýunça başlangyjy öňe sürendigini belledi.

Merkezi Aziýa bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň medeni-taryhy ugruna hem ünsi çekilip, bu köpugurly hyzmatdaşlygyň tejribesiniň iki müň ýyldan gowrak wagta uzalyp gidýändigini bellenildi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanda eýýäm otuz ýyldan gowrak wagt bäri italiýaly arheologlaryň netijeli işleýändiklerini hem-de özara ylmy hyzmatdaşlyk işine möhüm goşant goşýandyklaryny uly kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmenistanyň Prezidenti türkmen tarapynyň Rimde «Medeniýetleriň gülläp ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy. Türkmenistandaky arheologik açyşlar» atly arheologik sergini guramagy maksat edinýändigini belläp, bu serginiň halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna örän uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Bilim ulgamy hyzmatdaşlygyň ýene-de bir geljegi uly bolan ugry hökmünde bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky we akademiki hyzmatdaşlygy goldaýandygyny tassyklady hem-de bu işe mundan beýläk-de ýardam ediljekdigini belledi.

Çykyşynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Italiýa Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn özara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede hem, «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň çäklerinde hem mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge eýerýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentine çuň many-mazmunly çykyşy we beýan eden anyk teklipleri hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk baradaky oňyn garaýyşlary üçin hoşallyk bildirdi.

Açyk we netijeli häsiýetde geçen dialogyň dowamynda sammite gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleri bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.

«Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitiniň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanyna ugrady.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ortaýer deňzini we Gündogary öwreniş halkara assosiasiýasynyň (Italiýa) arasynda arheologiýa barlaglary babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy; şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Turiniň Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda gazuw-agtaryş işleri we arheologiýa barlaglary boýunça merkeziniň (Italiýa) arasynda arheologik barlaglar babatynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hakynda Ylalaşygy özara alyşmak dabarasy boldy. Munuň özi iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.