Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda daşary işler ministri Türkmenistanyň Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegine aladalylygyny bildirýändigini hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerinden ugur alýan hemişelik bitarap döwlet bolmak bilen, islendik meseleleri çözmek üçin güýç ulanylmagyna garşy çykyş edýändigini belledi.
Öz nobatynda, Eýranyň Ilçisi soňky wagtda Ýakyn Gündogar sebitinde bolup geçýän wakalara Eýranyň garaýşy bilen türkmen tarapyny tanyşdyrdy.
Şol bir wagtda, islendik meseleleriň çözülmeginde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda diplomatik serişdeleriň ulanylmagynyň ähmiýeti nygtaldy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Eýranyň halky üçin wajyp ähmiýeti bolan ynsanperwer meseleleriň dessin çözülmegine berýän hemaýatlary üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna hoşallygyny bildirdi.
Hususan-da, eýranly diplomat sebitiň goňşy döwletleriniň birine amala aşyran saparyndan soňra Türkmenistanyň çägi bilen Watanyna dolanýan Eýranyň resmi wekiliýetine hemmetaraplaýyn hemaýatyň berilendigi üçin türkmen tarapyna sagbolsunyny beýan etdi.