Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy bilen gepleşikleri

2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşygy boldy.
Allahşukur Paşazade belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we ruhy-medeni gymmatlyklary ilerletmekde şeýle duşuşyklaryň möhüm ähmiýetini belledi.
Şeýle-de ol 2014-nji ýylda Aşgabatda bolanda, paýtagtymyzyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny, Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen uly işleriň amala aşyrylandygyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň görnükli syýasatçy hökmünde dünýäde giňden tanalýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmansöýerligi we hoşniýetli sözleri üçin Allahşukur Paşazadä minnetdarlyk bildirdi hem-de şu duşuşygyň Azerbaýjana saparynyň möhüm we ähmiýetli bölegidigini, ikitaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, aýratyn mana eýedigini belledi.
Allahşukur Paşazade syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigine ünsi çekip, ýurtlarymyzyň munuň üçin ähli zerur tagallalary edýändigini, bu işde iki ýurduň din işgärleriniň, umuman, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halklaryny birleşdirýän yslam dininiň ornuny aýratyn nygtady.
Söhbetdeşler yslam dininiň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde, olarda Watana, onuň taryhyna söýgi, ata-enä, maşgala ojagynyň mukaddesligine hormat goýmak duýgularyny kemala getirmekde örän uly ähmiýetini bellediler.
Häzirki döwürde bu düşünjeler Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ruhy-ahlak köklerini, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-syýasy nusgasyny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurtlarymyzda bu wezipäni ýerine ýetirmekde din işgärleriniň tutýan ornunyň uludygyny kanagatlanma bilen nygtady.
Halk Maslahatynyň Başlygy 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigine ünsi çekip, bu başlangyjyň syýasy-diplomatik çäklerden daşary çykýandygyny, onuň diňe bir ählumumy geosyýasy häsiýete däl-de, eýsem, örän giň dünýägaraýyş häsiýetine-de eýedigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazadäni 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçiriljek halkara maslahata çagyrdy.
Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigini nygtady.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň arasyndaky doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge goşýan uly goşandy üçin Allahşukur Paşazadä tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ýurtlarymyzyň din wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ähli goldawyň we ýardamyň beriljekdigini, olaryň arasynda berk, uzak möhletli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin hemme şertleriň dörediljekdigini aýtdy.
Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy belent mertebeli myhmana hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasynda bu möhüm ugurdaky dialogyň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň azerbaýjan we türkmen halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Şeýh-ul-islam Allaşukur Paşazadä türkmen donuny we namazlyk sowgat berdi.
Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu sowgady iki doganlyk halkyň arasyndaky hormat-sarpanyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygynyň adyndan günortanlyk nahary berildi.
Nahardan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady. Töwirde Beýik Biribardan türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasyndaky dost-doganlygyň dowamat-dowam bolmagy, olaryň hemişe abadan durmuşda ýaşamaklary dileg edildi.
Soňra Milli Liderimiziň awtoulag kerweni “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we “Sea Breeze” toplumynyň esaslandyryjysy Emin Agalarow mähirli garşyladylar.
Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderine şekil taslamalarynyň üsti bilen agzalan dynç alyş toplumy barada maglumat berildi.
Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary dowam edýär.