BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖADSM) ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň arasynda duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we MAÖADSM-iň arasyndaky, hususan-da, ýakynda öz işine başlan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşiklerde esasy üns BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryna gönükdirildi. Olaryň köpüsiniň Merkeziň mandatyna laýyk gelýändigi aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy bu ugurlar boýunça MAÖADSM bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.