Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bandaru Wilsonbabunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler.

Taraplar ýokary derejedäki özara saparlaryň döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn nygtadylar.

Duşuşykda halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň özara gatnaşyklaryna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatyna hem-de onuň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna öňe sürýän halkara başlangyçlaryna yzygiderli goldaw berýändigi bellenildi.

Mundan başga-da, diplomatlar medeniýet we bilim ugurlarynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha bermek bilen, ony mundan beýläk-de ösdürilmek boýuça pikir alyşdylar.

Ilçi Bandaru Wilsonbabu türkmen tarapyna myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.