Maýn boýundaky Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 30–31-nji oktýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirildi.

Çäräniň maksady Türkmenistan bilen Germaniýanyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmekden, şeýle hem gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekden ybarat boldy.

Iki günlük foruma Germaniýanyň 50-den gowrak öňdebaryjy kompaniýalarynyň, banklarynyň we senagat birleşikleriniň, şeýle hem 51 türkmen kompaniýasynyň we birnäçe döwlet düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Germaniýandan gatnaşan kompaniýalaryň hatarynda Deutsche Bank AG, Commerzbank AG, BOMAG GmbH, CLAAS GmbH, John Deere International GmbH, BASF-Intertrade GmbH ýaly iri senagat konsernleri we maliýe edaralary bar. Şeýle hem German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti, Nemes agrosenagat birleşigi, Germany Trade & Invest (GTAI) hem-de Frankfurtyň ykdysady ösüş agentligi ýaly pudak assosiasiýalary hem foruma gatnaşdylar.

Türkmen tarapyndan bolsa ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlary bolan maliýe we bank ulgamy, oba hojalygy we azyk senagaty, dokma we ýeňil senagat, saglygy goraýyş we derman senagaty, uglewodorod we nebit-himiýa pudaklary, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny alyp barýan degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralar gatnaşdylar.

Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri Mihael Harms çykyş etdiler.

Ykdysadyýet günleriniň dowamynda plenar mejlisler, B2B we B2G duşuşyklary şeýle hem ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň gol çekişikleri geçirildi.

Forum hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady gatnaşyklar we göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek, şeýle hem energiýa hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Mundan başga-da, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, sanly özgertmeler we elektron hökümet ulgamyny ösdürmek pikir alyşmalaryň esasy mowzuklary boldy.

Forumyň maksatnamasy Germaniýanyň iri senagat kärhanalaryna tanyşdyrydyş saparlaryny hem öz içine aldy.

Germaniýada geçirilen Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri özara bähbitli gatnaşyklary berkitmek, maýa goýumlaryny çekmek we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik taýdan möhüm pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.