Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklary gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskeneniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatdaky Daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň netijeleri barada pikir alşyldy.
Duşuşykda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy sütünleriniň biri bolan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara forumyna görülýän taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, taraplar «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň ÝB-niň ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk hem giňeltmäge ygrarlydygyny bellediler.
Diplomatlar hyzmatdaşlygy berkitmäge, hususan-da, bilim, ekologiýa we ulag ulgamlarynda geljegi uly bolan bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler.