Türkmenistanyň Prezidenti «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň Baş direktory Jon Riz bilen duşuşdy.
Amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow işewüri mähirli mübärekläp, saparyň çäklerinde geçiriljek Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynyň kompaniýanyň ýolbaşçysyna türkmen wekilleri bilen geljegi uly taslamalar we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşmaga oňat mümkinçilik döretjekdigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan sporty we syýahatçylygy ösdürmäge durnukly ösüşiň möhüm ugurlary hökmünde garaýar.
Jon Riz Türkmenistanda döredilen ösen sport infrastrukturasynyň ýurtda bu ugra uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýändigini, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty işjeň ilerledýändigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti “Nicklaus Сompanies” kompaniýasynyň golf infrastrukturasyny taslamalaşdyrmak we ösdürmek ulgamynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini aýdyp, Türkmenistan bilen kompaniýanyň arasynda agzalan ulgamda bilelikdäki hereketler üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa tarapyndan Aşgabatda gurlan we halkara standartlara laýyk gelýän döwrebap golf klubunyň taslamasy özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde görkezildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň maýa goýumlar üçin amatly şertleri döretmäge uly ähmiýet berýändigine ünsi çekip, ýurdumyzyň kompaniýanyň täze taslamalaryna we tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Nicklaus Сompanies” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň ýurdumyzda golf infrastrukturasyny ösdürmäge, sportuň bu görnüşini wagyz etmäge ýardam berjekdigini belläp, Jon Rize alyp barýan işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.