Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

photo

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabada gelip gonan uçardan düşen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi mähirli garşylady.

Goňşy ýurduň Baştutanyna gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň gysgaça ikiçäk duşuşygy boldy.

Söhbetdeşler duşuşmaga dörän nobatdaky mümkinçilige tüýs ýürekden begenýändiklerini beýan edip, munuň özara gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigine şaýatlyk edýändigini bellediler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iri halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Aşgabada gelendigi üçin Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi. “Munuň özi Özbegistan Respublikasy we onuň doganlyk halky tarapyndan türkmen Bitaraplygyna, türkmen halkyna goýulýan belent hormatdan nyşandyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Prezidenti Şawkat Mirziýoýew çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçiriljek iri halkara maslahatyň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Bu forumyň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik taglymatyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýeti bilen ünsi çekjekdigi hem-de ýurduň dünýädäki abraýyny has-da belende göterjekdi nygtaldy. Şeýle-de ol halkara bileleşik tarapyndan Türkmenistana, türkmen halkyna, onuň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyna uly hormat bilen garalýandygyny görkezjekdigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki wagtda barha ösdürilýändigine üns çekilip, iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň täze derejelere çykaryljakdygyna ynam bildirildi.