Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Bütindünýä hökümet sammiti – 2026-daky ÇYKYŞY

photo

(Dubaý ş., 2026-njy ýylyň 3-nji fewraly)

 

Hormatly Sammite gatnaşyjylar,

Hanymlar we jenaplar,

Häzirki wagtda ählumumy dolandyryş we netijeli ýolbaşçylyk meseleleri halkara hyzmatdaşlyklaryň we bileleşikleriň ulgamyny düýpli özgerdýän barha artýan ählumumy täzeleniş şertlerinde ara alnyp maslahatlaşylýar.

Dünýä geosyýasy, ykdysady, howa we tehnologik krizisleriň utgaşykly täsirine sezewar bolýar. Şeýle şertlerde hyzmatdaşlyk gurallarynyň netijeliligi diňe bir ýüze çykýan wehimlere jogap bermek ukyby bilen däl-de, ilkinji nobatda, howplaryň öňüni almak we hyzmatdaşlaryň arasynda ynamy berkitmek arkaly öňünden hereket etmek ukyby bilen kesgitlenýär.

Biz netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň jogapkärçilikden, öňünden çaklamakdan we halkara kadalaryna hormat goýmakdan başlanýandygyna düşünýäris.

Ählumumy bileleşikleriň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly hasaplaýan birnäçe amaly başlangyçlarymyzy beýan etmäge rugsat ediň.

Birinjiden, netijeli hyzmatdaşlyk krizisleri dolandyrmakdan öňüni alyş döwlet dolandyryşyna geçmegi talap edýär.

Soňky ýyllaryň tejribesi döwletleriň, köplenç, çylşyrymly ýagdaýlar ýüze çykandan soň öz hereketlerini utgaşdyrmaga mejbur bolýandygyny açyk görkezýär. Bu bolsa wagtynda görülýän öňüni alyş çäreleri bilen deňeşdirilende has uly syýasy, ykdysady we durmuş kynçylyklara getirýär.

Biziň pikirimizçe, irki duýduryş gurallarynyň, öňüni alyş usullaryň we dolandyryş çözgütleriniň alyş-çalyş edilmegine gönükdirilen Öňüni alyş döwlet dolandyryşynyň köptaraplaýyn platformasyny döretmek howplaryň ýitileşen ýagdaýlara öwrülmezden öň azaldylmagyna we hyzmatdaşlaryň arasynda ynanyşmagyň bozulmagynyň öňüni almaga ýardam berip biler.

Biz öňüni alyş döwlet dolandyryşynyň milli, sebit we halkara derejelerde geljekki hyzmatdaşlyk düzümleriniň arhitekturasynyň durnukly bölegine öwrülmelidigine berk ynanýarys.

Ikinjiden, durnukly ählumumy dolandyryş berk halkara-hukuk binýady bolmazdan mümkin däldir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürýär.

Bu başlangyjyň maksady öňden bar bolan hukuk binýadyna hormaty berkitmekden we dikeltmekden, onuň hemmetaraplaýyn we bölünmez häsiýetini üpjün etmekden ybaratdyr.

Biz 2028-nji ýyly we oňa taýýarlyk döwrüni ählumumy özgertmeleriň, güýçleriň deňagramlylygynyň üýtgemeginiň we täze gapma-garşylyklaryň görnüşleriniň ýüze çykmagynyň şertlerinde halkara hukugynyň orny baradaky giň gerimli dialog üçin, şeýle hem öňüni alyş diplomatiýanyň we jedelleriň parahatçylykly çözülmeginiň hukuk binýadyny berkitmek üçin mümkinçilik hökmünde görýäris.

Bileleşik hyzmatdaşlyklary üçin bu has gowy öňünden çaklamagy, özara ynamy we borçnamalaryň anyklygyny aňladýar.

Üçünjiden, biziň ählimiz islendik dolandyryş we hyzmatdaşlyk çözgüdiniň binýadynda ygtybarly we takyk maglumatlaryň, şeýle hem olary seljermegiň we modelirlemegiň ulgamynyň bolmalydygy baradaky pikir bilen ylalaşýarys.

Şunuň bilen baglylykda, biz maglumatlaryň ygtybarlylygynyň hemmeler üçin umumy ýörelgelerini öňe sürmegi we döwlet hem-de halkara syýasatyny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde olaryň bilelikdäki tassyklaýyş gurallaryny döretmegi goldaýarys.

Şeýle ýörelgeler hyzmatdaşlaryň arasynda ynamy berkitmäge, çözgütleriň yzygiderliligini üpjün etmäge we emeli aňy hasaba almak bilen sanly gurallaryň ulanylmagy boýunça döwlet jogapkärçiligini güýçlendirmäge ýardam edip biler.

Dördünjiden, bileleşikleriň ýa-da beýleki hyzmatdaşlyk görnüşleriniň çäklerinde bilelikdäki tagallalaryň netijeliligi başlangyçlary hökümetara mümkinçilikleri jemlemek arkaly amaly taýdan durmuşa geçirmek ukyby bilen kesgitlenýär.

Şunlukda, ýurdumyz tarapyndan ozal Bütindünýä Hökümet Sammitiniň münberinden öňe sürlen durnukly ulag ulgamyndaky başlangyçlar Birleşen Milletler Guramasynyň meýdançasynda anyk institusional görnüşde durmuşa geçirildi.

2025-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2026–2035-nji ýyllar «Durnukly ulagyň onýyllygy» diýlip yglan edildi we onýyllygyň maksatlarynyň ýerine ýetirilişini yzarlamak üçin «ýol kartasy» hem-de gözegçilik guraly hökmünde Durnukly ulag atlasy döredildi.

Bu tejribe ynama, inklýuziwlige we anyk maksatlara esaslanýan hyzmatdaşlygyň hakyky ählumumy netijeleri berip bilýändigini görkezýär.

Hanymlar we jenaplar,

XXI asyrda ýolbaşçylyk we bileleşikler agalyk etmek ukyby bilen däl-de, öňünden çaklap bilmek, ynamy berkitmek we umumy kadalaryň berjaý edilmegini üpjün etmek ukyby bilen kesgitlenilýär.

Ygtybarly maglumatlara, öňüni alyş döwlet dolandyryşyna, halkara hukugyna we çözgütleriň netijeli durmuşa geçirilmegine jogapkärçilikli hyzmatdaşlygyň we durnukly ählumumy bileleşikleriň bitewi ulgamynyň düzüm bölekleri hökmünde garalmalydyr.

Sözümiň ahyrynda Dubaý şäherinde Bütindünýä Hökümet Sammitiniň geçirilmegi üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylygyna hoşallygymy bildirmek isleýärin.

Üns bereniňiz üçin sag boluň.