Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň FAO bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we göni wideoaragatnaşyk arkaly FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekili Wiorel Gusu çykyş etdiler.

Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň FAO bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, gazanylan esasy netijeler, şeýle hem mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin maglumat berildi.

FAO-nyň Baş direktory Sýuý Dunýuýyň 2026-njy ýylyň ýanwarynda Aşgabat şäherine amala aşyran resmi saparynyň ähmiýeti aýratyn bellenilip, onuň hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetiniň aýdyň subutnamasy bolandygyny nygtaldy.

Brifingiň dowamynda Kabul ediji ýurt hakyndaky Ylalaşygyň (Host Country Agreement) gol çekilmeginiň ähmiýeti nygtalyp, bu resminamanyň FAO-nyň Türkmenistandaky wekilhanasyny açmak üçin hukuk esasyny döredendigi we hyzmatdaşlygy täze, hil taýdan täze derejä çykarandygy bellenildi.

Brifingiň dowamynda 2021–2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilendigi barada habar berildi. Bu maksatnamanyň çäklerinde  oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, azyk ulgamlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, tebigata aýawly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de daýhan hojalyklaryny goldamak babatda birnäçe taslamalar amala aşyryldy.

Häzirki wagtda 2026–2030-njy ýyllar üçin täze Hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak boýunça işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi.

Soňra «sorag-jogap» sessiýasy geçirildi.