img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň täze bellenilen Ilçisiniň ynanç hatyny kabul etdi

photo

2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Wonjeni kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýurdunda Türkmenistan bilen ýola goýlan ynanyşykly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutany dostlukly ýurduň Prezidentine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň sentýabrynda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Nygtalyşy ýaly, Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň möhüm ykdysady hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanda öňdebaryjy koreý kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. “Daewoo” kompaniýasy Türkmenistanyň himiýa pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirýär.

Ilçi koreý kompaniýalaryna Türkmenistanda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda we medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň uly orny nygtaldy. Aşgabat şäherinde Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň hereket edýändigini bellenildi.

Ilçi Li Wonje Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.