img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

photo

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň çäklerinde duşuşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletleriň arasynda ýokary döwlet derejesinde alnyp barylýan ynanyşykly we yzygiderli gepleşikleriň netijesinde hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler.

Ministrler syýasy-diplomatik ugur boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ýakyn aýlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine taýýarlyk meselelerine seretdiler.

Şeýle hem iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy.