img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

photo

2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.

Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Astananyň sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.