Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatyny gowşurdy
2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Argentina Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa s.) Enrike Ignasio Ferrer Wieýradan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Argentina Respublikasynyň Prezidenti Hawýer Mileýiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň çäklerinde diplomat ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hem-de ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar, şol sanda Latyn Amerikasynyň döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şeýle-de Ilçä Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada giňişleýin maglumat berildi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerindäki türkmen-argentin gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunda kanun çykaryjy ulgamda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigine üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda öz tarapyndan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.