Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň esasy ugurlaryny, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamy hem-de iň gowy arzuwlary ýetirdi.
2026-njy ýylyň 20-nji maýynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly kararnamasyna aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy bu resminamanyň bitaraplyk syýasatynyň ynamy berkitmegiň we jedelleriň öňüni almagyň täsirli guraly hökmünde halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň tassyknamasy bolup çykyş edýändigini belledi. Baş sekretar bu kararnama barada aýdyp, häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen bu resminamanyň örän wagtynda kabul edilendigini nygtady we bu ugurdaky liderligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.
Gepleşikleriň aýratyn bölegi Türkmenistanyň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlandy. Taraplar BMG-niň howandarlygynda şeýle okuw mekdebiniň döredilmeginiň ýaşlaryň arasynda hemişelik bitaraplyk gymmatlyklaryny ilerletmekde we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ählumumy dialogy pugtalandyrmakda güýçli itergi boljakdygyny bellediler.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet Baştutanynyň döredijilikli başlangyçlaryny mundan beýläk-de ilerletmäge ygrarlydygy tassyklandy. Türkmen tarapynyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň howandarlygynda Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek we öňüni alyş diplomatiýasyny işjeňleşdirmek ýaly tekliplerine aýratyn üns berildi.
Taraplar BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň işine ýokary baha berdiler hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara ygrarlylyk tassyklandy.