img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

photo

2026-njy ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýork şäherinde geçirilen “Ählumumy dolandyryşy özgertmek we kämilleşdirmek, ählumumy wehimleri ýeňip geçmek üçin bilelikdäki tagallalar” atly Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň duşuşygyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy çykyşynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Ini duşuşyga gatnaşmaga çagyrandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ŞHG-niň sammitinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen Ählumumy dolandyryş başlangyjyny goldaýandygyny aýtdy. Türkmenistan Dostlar toparyna goşulmagy bu başlangyjy BMG-niň çäklerinde ilerletmek üçin möhüm meýdança hökmünde garaýar.

Ählumumy dolandyryş başlangyjyny durmuşa geçirmek maksady bilen türkmen tarapy dört esasy amaly teklibi öňe sürdi. Birinji teklip öňüni alyş dolandyryşyna geçmek bilen baglydyr: Türkmenistan jedelleriň we krizisleriň irki öňüni almak maksady bilen Köptaraplaýyn öňüni alyş dolandyryş platformasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Ikinji ugur halkara-hukuk binýadyny pugtalandyrmak bilen baglydyr: şu nukdaýnazardan Türkmenistan BMG-de 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek başlangyjyny işjeň ilerledýär. Bu başlangyç ählumumy özgertmeler şertlerinde hukugyň ornuny ara alyp maslahatlaşmak üçin giň meýdança bolmaga gönükdirilendir.

Üçünji teklip maglumatlaryň ygtybarlylygy we sanlylaşdyrmak meselelerini öz içine alýar. Dolandyryş çözgütlerini kabul etmekde ygtybarly maglumatlaryň ähmiýeti bellenilip, Türkmenistan maglumatlaryň ygtybarlylygynyň umumy ýörelgelerini hem-de olary bilelikde barlamak mehanizmlerini ornaşdyrmagy goldaýar.

Dördünji ugur amaly durmuşa geçirmek we inklýuziwlik meselelerine bagyşlanyp, ählumumy dolandyryşyň netijeliliginiň onuň ynanyşmak we inklýuziwlik esasynda anyk meseleleri çözmek ukyby bilen kesgitlenýändigi nygtaldy.

Çykyşyň ahyrynda öňüni alyş dolandyryşyň, halkara hukugynyň, ygtybarly maglumatlaryň hem-de başlangyçlaryň amaly durmuşa geçirilmeginiň jogapkärli halkara hyzmatdaşlygynyň bitewi ulgamyny emele getirýändigi bellenildi.