img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş bankynyň (ÝTÖB) Prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary depginler bilen dowam etdirilýändigini bellediler.

ÝTÖB-niň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, “ýaşyl” energiýanyň ösdürilmegini, sebitleýin özara gatnaşyklaryň we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny işjeň goldaýandygy bellenildi. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak ÝTÖB-niň esasy ugurlarynyň hatarynda orun alýar.

Taraplar ulag-logistika düzümi ösdürmek we sebitde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň işini ilerletmek boýunça geljegi uly taslamalara seretdiler. Şunda Hazarüsti geçelgeleri barada aýratyn gürrüň edildi.

Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň yzygiderli ykdysady özgertmeleri geçirmäge we öňdebaryjy halkara tejribeleri hem-de maýa goýumlary çekmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ileri tutulýan millli we sebitleýin maksatnamalary durmuşa geçirmekde ÝTÖB-niň berýän goldawlaryna minnetdarlyk beaýn edildi.

Odil Reno-Basso Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ýokary ösüşine öz tarapyndan ýokary baha berdi hem-de Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş bankynyň netijeli gepleşikleri mundan beýläk-de ösdürmäge, şeýle-de täze institusional we infrastraktura taslamalara gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar işjeň gatnaşyklary dowam etdirmäge we maksat edinýän meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri kesgitlemäge  özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

***

Duşuşykdan soňra aşakdaky reminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

2027–2032-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ÖsüşBankynyň arasynda ÝTÖB-niň Türkmenistandaky işiniň ileri tutulýan esasy strategik ugurlary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasynda bank ulgamyny berkitmek hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň eksporta gönükdirilen ösüşini we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldamak boýunça strategik hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň hem-de Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasynda Türkmenistanda durnukly energetika, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň hem-de Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasynda ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak we Türkmenistanyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasynda ÝTÖB-niň «Ýaşyl şäherler» maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.