img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 10-njy awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň çäklerinde ol Serhetabat etrabynyň “Islim-Çeşme” serhetýaka zolagyna baryp, şol ýerden Owganystana iş saparyny amala aşyrdy.

Bu ýerde hormatly Arkadagymyz goňşy ýurduň ýaş nesliniň wekilleriniň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi we sowgatlaryny gowşurdy.

Gahryman Arkadagymyz hem-de Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary iki ýurduň wekiliýet agzalary bilen salamlaşdylar.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Abdul Gani Baradar belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň owgan we türkmen halklarynyň taryhy kökleriniň ýakynlygyna, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýandygyny aýtdy.

Şeýle hem ol Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant goşýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň owgan halkyna berýän yzygiderli ynsanperwerlik kömegi üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Gahryman-Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny hem ýetirdi. Ol türkmen we owgan halklarynyň doganlyk halklardygyny, iki ýurduň arasyndaky serhediň bolsa dostluk serhedidigini aýratyn nygtady.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisi hem-de onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat—Hyrat gaz geçirijisi türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşany hökmünde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Nygtalyşy ýaly, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda bilelikdäki taslamalara aýratyn orun degişlidir. Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr.

Abdul Gani Baradar TOPH taslamasy bilen baglanyşykly işleri has-da ilerletmek maksady bilen, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin bilelikdäki guraly döretmegiň zerurdygyny belläp, Owganystanyň gaz pudagynda işlejek hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada durlup geçildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ikiçäk düzümde geçirilen duşuşykda dürli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika, hususan-da, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, ulag infrastrukturasy, elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we bu ugurda möhüm wezipeleriň bardygyny belledi.

Ulag-logistika pudagy Merkezi we Günorta Aziýany baglanyşdyrýan wajyp ulgam bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, “Lapis Lazuli” halkara ulag geçelgesiniň ähmiýetine üns çekildi.

2017-nji ýylda Owganystan—Türkmenistan—Azerbaýjan—Gruziýa—Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça Aşgabatda bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz bu geçelgäni işjeňleşdirmäge we onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe teklibi öňe sürüpdi.

Duşuşykda medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçinem giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim alýan owganystanly talyplaryň sanyny artdyrmak, dürli ugurlar, esasan-da, TOPH taslamasynda, gaz ulgamynda öz işine ussat hünärmenleri taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmek meselelerine seredildi.

Gahryman Arkadagymyz bilelikdäki taslamalar barada aýdyp, olary ilerletmek üçin hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan toparyny döretmegi teklip etdi.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, mukaddes Gurhandan aýatlar okaldy. Soňra Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat—Hyrat gaz geçirijisi boýunça ýerine ýetirilen işler barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi.

Soňra «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Dabara tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilelikde şu günki waka mynasybetli toý sadakasyna gatnaşdylar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden Mary şäherine bardy. Mary şäheriniň Halkara howa menzilinde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.