Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian birnäçe möhüm çärelere, hususan-da birinji Hazar ekologik sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.
Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde 9-njy oktýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Bu mejlis ilkinji gezek ýörite myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçiriler.