Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň döredilenine 60 ýyl dolýar

photo

Şu ýylyň oktýarynda Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň döredilenine 60 ýyl dolýar. Bir wagtlar onda bary-ýogy 30 çaga okan bolsa, häzir bu ýerde okuwçylaryň 244-si sungatyň inçe syrlaryny öwrenýärler. 

1965-nji ýylda mekdebň ilkinji müdiri Orazgeldi Amanowyň teklibi bilen mekdebe Gündogaryň Zarpçy sungat mekdebiniň uçurymy, milli medeniýetiň taryhyna ilkinji türkmen žiwopisçisi hökmünde giren Türkmenistanyň halk nakgaşy Bäşim Nuralynyň ady dakyldy. Okuwçylar mekdep muzeýi üçin Bäşim Nurala degişli zatlary ürç edinip ýygnap ugradylar. 

Indi olar bu üýtgeşik şahsyýetiň dürli ugurlardaky eden işleri barada gürrüň berýän gyt zatlara öwrüldi: Bäşim Nuraly bir görseň kino düşýändir, bir-de aýaly bilen tematiki haly döredýändir, poema-da ýazardy ol, iň esasy-da onuň öz eli bilen ýasan milli saz gurallary haýran edýär. Muzeýde Bäşim Nuralynyň çeken “Magtymguly” suraty hem bar, ony awtor heniz aýatda diri wagty mekdebe peşgeş beripdi. Mekdepde birinji synp okuwçylarynyň täze okuw ýylyny olary Bäşim Nuralynyň muzeýine aýlamak bilen başlamak däbe öwrüldi. Okuw jaýynyň myhmanlary-da bu ýerde goýlan raritet eksponatlar bilen tanyşýarlar. 

Häzirki wagtda çeperçilik mekdebine onuň ilkinji müdiriniň gyzy Güljemile Amanowa ýolbaşçylyk edýär. Bu ýerde işleýän mugallymlaryň 16-syndan 8-si şu mekdebiň uçurymlarydyr. 

Žiwopisden sapak berýän mugallymlar Galina Tumaý we Bahar Hojaberdiýewa dagy çagalara predmetleri we daş-töwerekdäki ýagdaýlary galam, akwarel, guaş, sepiýa, monotipiýa, tuş ulanyp, natýurmort, bezeg, şäher we oba manzarlary, portret ýaly dürli žanrlarda surat çekmegi öwredýärler. Çagalar manzarlary çekenlerinde agaçdaky ýapraklaryň bir-birine meňzeş däldigine, şol bir reňkleri beýleki reňklere garsaň sazlaşyk berse, başgaça edilende gapma-garşylyk döreýändigine göz ýetirýärler. Şeýlelik bilen olar reňkleriň üýtgemegiiniň we zatlaryň kölegelerini nygtamagyň syrlaryny, iň esasy-da, duýgularynyň üsti bilen döredijilikde öz pikirini beýan etmegi öwrenýärler. 

Sungatyň taryhy çagalaryň köpüsiniň halaýan dersi. Bu dersi Ogulgül Nurlyýewa okadýar. Ol okuwçylaryny dünýä şekillendiriş sungatynyň naýbaşy eserleri, milli žiwopis mekdebiniň kemala geliş tapgyrlary bilen tanyşdyrýar. Düşünjäňi artdyrýan gymmatly maglumatlar çagalaryň dünýägaraýşyny giňeldip, olarda çeperçilik duýgusyny ösdürmäge, okuwçylara milli mirasy öwretmäge ýardam edýär. Halyçylyk-dokmaçylyk synpynda gyzjagazlar elde dokma suratlary, gobelenleri döretmegiň syrlaryny öwrenýärler, halyda modaly aksessuarlary taýýarlaýarlar. Etjek önümleriniň manzarlaryny-da olaryň özi oýlap tapýarlar, olar çagalar döredijiligi sergileriniň bezegine öwrülýär. 

Mekdebiň okuwçylary toýundan gelşikli ownuk önümleri we kiçi kompozisiýalary taýýarlaýarlar. Şunda mugallym Nurmämmet Nurmämmdowyň hyzmaty uludyr. Resul Allanurowyň ýolbaşçylygyndaky zergärçilik synpynyň okuwçylary-da öz işleri bilen begendirýärler. 

Aşgabadyň çeperçilik mekdebiniň okuwçylary indi 10 ýyl bäri çagalar suratlarynyň halkara gözden geçirişlerine gatnaşyp gelýärler. Olaryň işleri Hindistanda, Wengriýada, Polşada, Çehiýada, Russiýada, Serbiýada, Germaniýada, Pakistanda, Eýranda, Finlýandiýada, Ýaponiýada, Bolgariýada, Türkiýede, Azerbaýjanda, Belarusda, Gazagystanda, Özbegistanda görkezilip, olarda mynasyp bolan medallary, diplomalary, hormat hatlary mekdepde aýawly saklanylýar. 

Sport – şu mekdebiň okuwçylarynyň halaýan temalarynyň biri. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisi mynasybetli çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň arasynda bäsleşik yglan etdi. Mekdebiň okuwçylary žiwopis we grafika işleriniň, amaly-haşam sungaty eserleriniň 50-den gowragyny döretdiler. Olardan saýrylary bäsleşige hödürlendi. Çagalar suratlarynda Garagumyň gözelligini beýan etdiler, ýaryş awtomobilleriniň ähli görnüşini gowy bilýändiklerini görkezdiler. Şu günler çagalar suratlarynyň iň gowulary Şekillendiriş sungaty muzeýinde görkezilýär. Ýeňijiler birneme soňrak yglan ediler, mekdebiň okuwçylarynyň bu ýerde hem üstünlik gazanmaga mümkinçilikleri bar. 

Her ýyl mekdebiň uçurymlary okuwy tamamlaýarlar. Olaryň käsi bilimini çeperçilik ugrundan dowam etse, beýlekileri sungata dahylly bolmadyk hünärleri saýlap alýarlar. Muňa garamazdan mekdepde alan estetiki terbiýesidir döredijilik bilimi olara şahsy mümkinçiliklerini açyp görkezmäge we saýlan islendik kärine täzeçil çemeleşmäge ýardam eder.