Demirgazyk sebitiň ekarançylary gök-bakja önümlerini taýýarlamakda ýokary netije gazanýarlar

Daşoguz welaýatynyň hojalyklary gök we bakja önümlerini ýygnamakda gowy netijeler görkezýärler. Hyýar ýygnamak boýunça ýyllyk tabşyryk amal edildi, şu güne çenli 3 müň 400 gektar ýerden 47381 tonna kartoşka ýygnan hasyl ussatlary-da bellenilen sepgide golaýladylar. Şeýle hem demirgazyk sebitiň atyzlaryndan 14 müň 165 tonna pomidor ýygnaldy, munuň özi ýyllyk tabşyrygyň 99 göteriminden-de artykdyr, 5 müň 700 tonna sogan, 4 müň 400 tonna kelem ýygyldy. S.A. Nyýazow adyndaky etrabyň hojalyklary gök-bakja önümleriniň ähli görnüşleri boýunça ýyllyk tabşyrygy amal edip, has-da tapawutlandylar.
Daşoguz welaýatynyň ekarançylary azyk bolçulugyny döretmäge saldamly goşant goşýarlar. Oba hojalyk önümçiliginiň öňden gelýän ýörelgeleri bilen agroinnowasiýalaryň oýlanşykly sazlaşygy, dürli ekinleriň görnüşleriniň ylmy taýdan saýlanylmagy, ekin meýdanlaryndan we suw serişdelerinden rejeli peýdalanylmagy hojalygy netijlei ýöretmegiň esaslarydyr. Şol bir wagtyň özünde welaýatda dürli kuwwatlykly we eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki döwrebap ýyladyşhana toplumlaryny gurmak maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar, olaryň belli bir bölegi eýýäm önümleri alyjylar bazarlaryna iberip ugradylar.