Berdimuhamet Annaýewiň edermenligi bilen ýaşlarymyzyň watançylyk ruhy ýokarlanýar

Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi Serkerdeler öýünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň mynasyp bolan “Edermenligi üçin” diýen medalyny Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 1-nji harby mekdebe gowşurmak dabarasy boldy.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz 24-nji sentýabrda Ruhyýet köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtýarly ilçisi Aleksandr Blohini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyza atasy Berdimuhamet Annaýewiň mynasyp bolan “Edermenligi üçin” diýen medal gowşuryldy. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew Watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin bu medal bilen sylaglandy.
Duşuşykda Russiýanyň doly ygtyýarly wekili bu Permany dabaraly ýagdaýda okady hem-de hormatly Prezidentimize iň ýokary derejeli harby sylaglaryň biri bolan medaly, şeýle hem Berdimuhamet Annaýewiň gullugyna dahylly Russiýa Federasiýasynyň harby arhiwlerinden ýygnalan kitap görnüşindäki resminamalary gowşurdy.
Milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putine çuňňur hoşallyk bildirip, Berdimuhamet Annaýewe berlen ýokary döwlet sylagynyň ikinji jahan urşunda Ýer ýüzünde parahatçylygyň bähbidine söweşen watandaşlarymyzyň belent sarpalanýandygyna şaýatlyk edýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary sylagy Türkmenistanyň Goranmak ministrligine gowşurmak bilen, “Edermenligi üçin” diýen medalyň ýaş esgerleri uly ýeňişlere ruhlandyrjakdygyny belledi.
... Ir bilen Merkezi Serkerdeler öýüniň eýwanynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, harby ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary hem-de talyplary, ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň harby attaşeleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.
Dabara gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar, onda döwlet Baştutanymyzyň kitaplary, ylmy işleri hem-de Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylyklara, ýokary döredijilik ruhuna ýugrulan zähmet ýoly hakynda gürrüň berýän köpöwüşginli diwarlyklar, şeýle hem Goranmak ministrliginiň muzeýinden gymmatlyklar görkezildi.
Soňra alypbaryjy ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda berkarar Watanymyzyň özygtyýarlylygyny goramak hem-de pugtalandyrmak boýunça uly işleriň geçirilýändigini nygtady. Döwletimiz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydyr. Ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça toplumlaýyn maksatnamalar yzygiderli amala aşyrylýar.
Harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri Watanymyzyň we halkymyzyň öňündäki mukaddes borjuny mynasyp ýerine ýetirmek bilen, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly däplerini dowam etdirýärler. Türkmen halkynyň taryhy, Watanymyzyň şöhratly ogullarynyň çäksiz edermenlikleriniň hem-de gaýduwsyzlyklarynyň mysallaryna baýdyr. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Mugallym we esger, öz topragynyň watançysy bolmak bilen, ol Beýik Watançylyk urşunda gaýduwsyz söweşdi. Onuň durmuş ýoly häzirki wagtda ýaş nesil üçin watançylygyň we borja wepalylygyň aýdyň nusgasy bolup hyzmat edýär diýip, gutlag çykyşynda bellenildi.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra “Edermenligi üçin” diýen medal, Berdimuhamet Annaýewiň gullugyna dahylly Russiýanyň harby arhiwlerinden bir kitap görnüşinde toplanan resminamalar, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň bu harby sylagy gowşurmak baradaky Permanynyň nusgasy dabaraly ýagdaýda sahna çykarylýar.
Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, sada we halkyň arasynda uly abraýa eýe bolan mugallym, uruş weterany, halypa Berdimuhamet Annaýewiň şöhratly durmuş we zähmet ýoly häzirki döwrüň ýaşlary üçin çäksiz zähmetsöýüjiligiň, edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, ata-babalarymyzdan miras galan mukaddes topraga söýginiň aýdyň nusgasy bolup durýar. Häzirki wagtda Garaşsyz Watanymyzda onuň Agtygy — umumy ykrar edilen milli Liderimiz, türkmen halkynyň abadan durmuşy ugrunda ähli tagallalary edýän Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen beýik maksatnamalar we giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.
Gökdepe etrabynyň gadymy Yzgant obasynda doglan ýönekeý oba mugallymy Berdimuhamet Annaýew tutuş ömrüni ýaş nesli terbiýelemek ýaly asylly işe bagyş etdi. Ilkinjileriň hatarynda fronta gidip, agyr ýaralanyp, uruşdan gaýdyp geldi, emma ýaş nesli okatmak we terbiýelemek ýaly asylly işi dowam edip, watandaşlarymyzyň hakydasynda ýagşy ýatlamalary galdyrdy. Mugallymçylyk Berdimuhamet Annaýew üçin diňe bir hünär bolman, eýsem, tutuş durky bilen berlen durmuş ýörelgesine, borç duýgusyna öwrüldi. Milletiň edebi we halk döredijiligi mirasyny wagyz ediji mugallym halkymyzyň köpasyrlyk medeniýetine ygrarly boldy. Ol halkymyzyň aňy bilen asyrlar aşyp gelýän medeniýeti dowam edip, mähriban topragyň watansöýüji ynsany bolup ýaşady diýip, çärä gatnaşyjylar bellediler.
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň harby attaşesi Russiýanyň goranmak ministriniň tabşyrygyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň söweş ýoly hakyndaky degişli maglumatlaryň toplanandygyny belledi. Berdimuhamet Annaýew mähriban topragyň hakyky watançysy bolup, Beýik Watançylyk urşy mahaly köp sanly ildeşleri ýaly söweşe gitdi. Ýowuz duşman bilen ýüzbe-ýüz bolup, öz göreldesi bilen ildeşlerimizi we polkdaşlaryny gahrymançylykly ýörelgelere ruhlandyrdy.
Merkezi Serkerdeler öýündäki dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Oňa harby gullukçylaryň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Çykyşlarda nesillerimiziň arabaglanyşygy, türkmen halkynyň parahatçylyga-ylalaşyga, ynsanperwerlige we döredijilige bolan üýtgewsiz ygrarlylygy öz beýanyny tapdy.
Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Watanymyzda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň netijesinde Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyryldy diýip bellenilýär.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa bildirilýän üns-alada we belent ynam üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, harby gullukçylar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny gözüň göreji ýaly gorap saklamak, türkmen topragynda parahatçylygy we ylalaşygy berkitmek, özygtyýarly Watanymyzyň abraýyny belende götermek ýaly mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň öňündäki mukaddes borçlaryny birkemsiz berjaý etjekdiklerine ynandyrdylar.
Soňra ýygnananlar mukaddes Kasamy ýerine ýetirdiler. Harby talyplar hormatly Prezidentimiziň atasynyň mynasyp bolan medalyny, şeýle hem onuň söweşjeň ýoly baradaky maglumatlary dabaraly ýagdaýda kabul edip, çärä gatnaşyjylar bilen bilelikde
Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 1-nji harby mekdebe tarap ugradylar. Tutuş ýoluň ugrunda esgerler hatara düzüldiler.
Harby mekdebiň okuwçylary bu söweşjeň gymmatlyklary Berdimuhamet Annaýewiň heýkeliniň öňünde eýwanda goýdular hem-de hormat garawulyny guradylar. Dabara gatnaşyjylaryň ählisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasynyň ýagty ýadygärligine tagzym etdiler.