Milli ýörelgeler — türkmen halkynyň ruhy binýady

Şu gün paýtagtymyzyň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda “Hezreti Omar” metjidiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň müftüsi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, şeýle hem hormatly ýaşulular, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygynyň öň ýanynda bolan bu waka öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiziň we däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň we artdyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Bu metjidiň bina edilmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilen raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şol sanda dine ynanmak azatlygynyň üýtgewsiz berjaý edilýändiginiň aýdyň mysallarynyň biridir.
Täze metjit hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, “Hoja Ahmet Ýasawy” dini guramasynyň buýurmasy esasynda “Aga gurluşyk” hojalyk kärhanasy tarapyndan milli binagärligiň iň gowy ýörelgelerini ulanmak bilen guruldy. Binanyň gurluşygynda iň täze tehnologiýalar peýdalanyldy, ýörite binagärlik çözgütleri, şol sanda bezeg, timarlaýyş we ýazgylary çeper ýerine ýetirmek boýunça çözgütler işlenip taýýarlanyldy.
Sadaka bermek üçin binany hem goşmak bilen metjidiň umumy meýdany 13 müň inedördül metrden gowrak çägi eýeleýär. Metjidiň minarasynyň 63, merkezi we kiçi gümmezleriniň ölçegleriniň 40 we 23 metre deň bolmagynyň aýratyn mana eýedigini bellemek gerek. Bu sanlaryň her biri Muhammet Pygamberiň ady bilen baglanyşykly bolup, Pygamberiň ýaşan ömrüni, Pygamberlik berlen ýaşyny hem-de pygamberlik döwrüni alamatlandyrýar.
Metjit toplumynyň düzümine sadaka bermek we beýleki däp-dessurlary geçirmek üçin ýörite bina, awtoduralga girýär. Metjidiň ajaýyp binasy diňe bir binagärlik görnüşinde däl-de, ýanaşyk çäkleriniň aňrybaş derejede abadanlaşdyrylmagy bilen hem haýran galdyrýar.
Dabara gatnaşyjylar metjidiň daşky binagärlik keşbi bilen tanşyp, binanyň içine girdiler. Onuň içki timarlaýyş işlerinde mermer, granit ýaly gymmat bahaly serişdeler agajyň gymmatly görnüşleri peýdalanyldy. Keramatly Gurhanyň sürelerini beýan edýän ýazgylar metjidiň bezeginde aýratyn orun eýeleýär. Şeýle ýazgylar binanyň öň tarapyny hem bezeýär. Namaz okalýan jaý bir wagtda üç müň adam üçin niýetlenendir. Metjidiň ýokarky gaty zenanlar üçin niýetlenendir.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen hormatly ýaşulular metjide girip, iki rekagat metjit namazyny okadylar.
Soňra Türkmenistanyň müftüsi Aşgabat şäheriniň ymamyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üçin niýetlenen mukaddes Gurhany Kerimiň bir nusgasyny gowşurýar, ol mukaddes Käbeden getirilen teperrigiň ýanynda goýýar. Mälim bolşy ýaly, ak pata berilmegini alamatlandyrýan ýokary derejeli bu peşgeş döwlet Baştutanymyzyň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde mukaddes Käbä zyýarat eden mahalynda milli Liderimize gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiziň welaýatlaryň ymamlary hem-de hormatly ýaşulular bilen ara alnyp maslahatlaşylmagy netijesinde kabul eden çözgüdine laýyklykda bu keramatly sowgat dürli welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň alnyna sylmaklary üçin ýurdumyzyň metjitlerinde goýulýar. Teperrige mährabyň ýanynda hormatly orun berildi, ol bu ýerde ýörite aýna gapda goýuldy.
Ýygnananlar onuň öňünde tagzym edip, dine ynanýanlaryň ählisine bu teperrigi ýüze sylmaga berlen mümkinçilik üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler.
“Goý, Beýik Biribar aýat-töwirleri kabul etsin! Goý, ýurdumyzda hemişe asudalyk bolsun! Goý, halkymyz abadan we agzybir ýaşasyn!” diýen sözler bilen dabara gatnaşyjylar sadaka berilýän jaýa geçdiler.
Hormatly Prezidentimiziň baş saglygy, türkmen topragynyň abadançylygy dileg edildi.
Tebärek çykylandan soň nahar çekilýär.
Nahardan soňra milli Liderimiziň adyndan dabaraly çärä gatnaşyjylara mukaddes Gurhany Kerim hem-de Oraza kitaby gowşurylýar.
Soňra baş binada azan we hutba, günorta namazy okalýar.
Musulman dünýäsinde metjitleriň ylmyň we bilimiň ilkinji merkezleri, jemgyýetiň ruhy durmuşynyň toplanan ýerleri bolandygy hemmelere mälimdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, biziň häzirki günümiz hem-de geljegimiz ynsanperwerlik kanunlary we şöhratly ata-babalarymyzyň miras goýan belent ahlak ýörelgeleri esasynda gurulýar. Ýurdumyzda dine ynanmak azatlyklaryny üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär, dindarlara her bir musulman üçin mukaddes bolan her ýylky haj parzyny berjaý etmäge kömek berilýär. Häzirki döwürde bina edilýän dini desgalar jemgyýetde raýat ylalaşygynyň berkidilmegine, milletimiziň köpasyrlyk däp-dessurlarynyň dowamatlylygynyň üpjün edilmegine hyzmat etmelidir.
Çärä gatnaşyjylar Beýik Biribardan milli Liderimize Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary amala aşyrmakda rowaçlyk eçilmegini dileg etdiler.
“Goý, Beýik Biribar şu günki okalan aýat-töwirleri, berlen sadakany kabul etsin!” diýen sözler bilen “Hezreti Omar” metjidiniň açylyş dabarasy tamamlandy.
Paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumlarynyň birine öwrülen bu metjit asylly we sogap işleriň merkezine öwrüler, bu ýerde dindarlar türkmenistanlylaryň abadançylygy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň gülläp ösmegini dileg edip, namaz, aýat-töwir okarlar.