Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ösüşine goşant üçin döwlet sylaglary

Şu gün paýtagtymyzda halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, özygtyýarly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galmagyna şahsy goşant goşan ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, düzümleriň we guramalaryň işgärlerine, döredijilik wekillerine ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň berlendigini aňladýan nyşanlary gowşurmak dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda köpýyllyk halal we döredijilikli zähmeti üçin ýokary sylaglara hem-de nyşanlara mynasyp bolan watandaşlarymyzyň hormatlanmagy ýurdumyzda öz işine ussat işgärlere, öz tejribesini, bilimini, zehinini mähriban Watanymyza gulluk etmäge bagyşlaýan adamlara aýratyn hormat goýulýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Maksada okgunly, zehinli, öz borçlaryny nusgalyk derejede ýerine ýetirýän, Watanymyzyň bähbidine gulluk edýän adamlar ýaşlar üçin nusgalyk bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýokary ruhubelentlik we agzybirlik ýagdaýynda geçirilen dabaralara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Olar bu ýere ýygnananlary Garaşsyzlyk baýramçylygy bilen gutlap, hemmelere bagt, abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze ýeňişleri we döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.
Mynasyp bolan sylaglaryny uly buýsanç we tolgunma duýgusy bilen kabul eden adamlar zähmetlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşi şanly syýasy, ykdysady we medeni wakalara beslenýär. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.
Türkmen halkynyň öndürijilikli we döredijilikli zähmeti netijesinde Watanymyz gün-günden gülläp ösýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ägirt uly durmuş-ykdysady maksatnamalar, senagatlaşdyrmak, ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek we onuň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak babatda iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik boýunça täze döwrebap kärhanalar, ulag-aragatnaşyk düzümine degişli desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen birlikde bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynyň ösdürilmegine ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.
Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde örän wajyp çözgütleriň kabul edilmeginiň döwletimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşi üçin kuwwatly itergä öwrüljekdigi, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna hyzmat etjekdigi bellenildi.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny aýdyp, özleriniň ähli güýç-kuwwatlaryny we ukyplaryny milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan oňyn we giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine, milletiň agzybirliginiň we bitewüliginiň, jemgyýetimizde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine mundan beýläk-de ak ýürekden gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.