Daşary ýurtlaryň liderleri döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlaýarlar

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz,
Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň halkyna iň mähirli gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.
Birleşen Milletler Guramasy öz agzalarynyň tagallalary bilen jebisleşip, “Biz, halklar” diýen şygar bilen esas goýujy Tertipnamamyzda berkidilen maksatlary amala aşyrýarys. Ählumumy wehimleriň, şeýle hem uly mümkinçilikleriň döwründe bu maksatlar bizi baglanyşdyrýan halka bolup durýar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýramçylygynyň öňüsyrasynda netijeli Birleşen Milletler Guramasyny döretmek, şeýle hem parahatçylygy, durnukly ösüşi we hemmeler üçin adam hukuklaryny üpjün etmek işine işjeň gatnaşýandygyma Sizi ynandyrasym gelýär.
Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Antoniu Guterreş,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli hytaý hökümetiniň, halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we dostlukly türkmen halkyna iň oňat arzuwlarymy iberýärin.
Siziň ýolbaşçylygyňyz astynda Türkmenistanda syýasy durnuklylyk saklanýar, ykdysadyýet okgunly ösýär we döwletiň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Türkmenistanda öz hakykatyna laýyk gelýän ösüş ýoly üstünlikli tapyldy. Hytaý dostlukly ýakyn goňşy hökmünde we strategik hyzmatdaş hökmünde Siziň ýurduňyzyň üstünliklerine tüýs ýürekden begenýär.
Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärin, öz aramyzdaky şahsy dostluga we işjeň gatnaşyklara sarpa goýýaryn. Ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine täze üstünlikleri gazanmak üçin hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ilerledilmegine Siziň bilen el-ele berip, bilelikde tagalla etmäge taýýar. Dostlukly Türkmenistana gülläp ösüş we kuwwatlylyk, onuň halkyna bolsa bagt we abadançylyk arzuw edýärin.
Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy, Size we Siziň halkyňyza bolsa bagt we gülläp ösüş baradaky iň oňat arzuwlarymy uly kanagatlanmak bilen iberýärin.
Akihito,
Ýaponiýanyň Imperatory.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Prezident, gadyrly doganym!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli türk halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize gutlaglarymy iberýärin.
Garaşsyzlygyna eýe bolandan bäri geçen 27 ýylyň içinde Türkmenistan halkara giňişlikde öz ägirt uly üstünlikleri bilen belli bolan ýurda öwrülip, haýran galdyryjy rowaçlyklary gazandy. Türkmenistanyň bu gazananlarynyň Türkiýede doganlyk buýsanç duýgularyny döredýändigini nygtasym gelýär.
Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň bähbidine geljekde hem bilelikdäki tagallalarymyzy artdyrjakdygymyza ynanýaryn.
Hormatly Prezident, pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagt, türkmen halkyna bolsa gülläp ösüş arzuw edýärin!
Rejep Taýip Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz,
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli Ysraýyl Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna mähirli arzuwlarymy we gutlaglarymy uly şatlyk bilen beýan edýärin.
Şeýle hem hemişelik Bitaraplyk syýasaty netijesinde Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine haýran galýandygym baradaky sözlerimi beýan etmäge rugsat ediň!
Şu ýyl biz Ysraýyl döwleti bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyny belleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizi döwlet sapary bilen gelmäge ýene bir gezek çagyrýaryn.
Iki ýurduň arasynda mundan beýläk-de dostlugy pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygy giňeltmek maksadynda Siziň Alyhezretiňiz bilen işleşmek hormatyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Hormatlamak bilen,
Reuwen Riwlin,
Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly doganym!
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň güni mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň köpmilletli halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi we doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Soňky ýyllarda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan özbek-türkmen gatnaşyklary täze derejä çykdy. Biziň bilelikdäki tagallalarymyz bilen özara gatnaşygyň ähli ugurlarynda ýetilen anyk netijeler Özbegistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň berk binýadyny döretdi.
Biziň köpugurly anyk hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň jana-jan bähbitlerine doly laýyk gelip, Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyny we gülläp ösüşini üpjün etmäge hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
Golaýda geçen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň sammitine gatnaşmagyň çäklerinde türkmen topragynda Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetine görkezilen Siziň hut şahsy ünsüňiz, däp bolan mähirli we ýürekdeş kabul edişlik üçin ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we täze üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin!
Çuňňur hormat bilen,
Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Türkmenistanyň Döwlet baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!
Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda döwleti berkitmek, halkyň abadançylygyny we halkara giňişlikde abraýyny ýokarlandyrmak işinde düýpli üstünlikleri gazandy. Siziň ýolbaşçylygyňyz astynda ýurduňyzyň belent maksatlara ýetip, okgunly ösmegini arzuw edýärin.
Astananyň we Aşgabadyň däp bolan dostlukly we ysnyşykly hyzmatdaşlyga gönükdirilen gatnaşyklarynyň boljakdygyna we biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbidine mundan-da beýläk pugtalanjakdygyna ynanýaryn.
Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, jogapkärli işiňizde üstünlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.
Iň gowy arzuwlar bilen,
Nursultan Nazarbaýew,
Gazagystan Respublikasynyň
Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,
Türkmenistanyň döwlet baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Gyrgyz Respublikasy Türkmenistan bilen dostlukly we ynanyşykly gatnaşyklara ýokary baha berýär. Iki doganlyk ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna gönükdirilen gyrgyz-türkmen dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de özara hormat goýmak we hyzmatdaşlyk etmek ruhunda ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk we üstünlik, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Sooronbaý Žeenbekow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,
Milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen öz adymdan we Azerbaýjan halkynyň adyndan Sizi we türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar umumy gymmatlyklary we däp-dessurlary bolan halklarymyzyň erk-ygtyýarlaryna esaslanýar. Häzirki ýokary derejeli döwletara gatnaşyklarymyzyň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de çuňlaşmagyna hemişelik berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
Bu şanly günde Size berk jan saglyk, alyp barýan işiňizde üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň
Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!
Siziň ýurduňyz milli özboluşlylygyny we ajaýyp däp-dessuryny saklamak bilen durnukly ösüşi we döwletleriň gülläp ösüşini üpjün etmegiň, sebit we halkara işlerinde Türkmenistanyň ornuny ýokarlandyrmagyň bähbidine Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýär.
Biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň dostlukly we özara hormat goýmak däplerine esaslanýan ýokary ylalaşyklarynyň bilelikde durmuşa geçirilmeginiň ermeni-türkmen döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we olaryň hil taýdan täze derejelere çykarylmagyna möhüm itergi bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk we rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Armen Sarkisýan,
Ermenistan Respublikasynyň
Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Ukrainanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Ukrainanyň we Türkmenistanyň arasynda bar bolan mähirli we hoşniýetli gatnaşyklaryň biziň halklarymyzyň bähbidine hyzmatdaşlygyň saldamly mümkinçiliklerini amala aşyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygyň ediljekdigine ynanýaryn.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikler, dostlukly türkmen halkyna bolsa abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Pýotr Poroşenko,
Ukrainanyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,
Milli baýram — Garaşsyzlyk güni bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Häzirki zamanda Türkmenistan döwlet gurluşyny üstünlikli berkidýär, ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny ösdürýär, halkara giňişlikde abraýyny belende galdyrýar.
Biziň ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen hyzmatdaşlyk we özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ähli ugurlarda belarus-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirýärin.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk we meýilleşdirilen işleriňizi durmuşa geçirmegi, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Aleksandr Lukaşenko,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.