Halkyň asuda durmuşyny üpjün etmek ugrundaky goşant üçin sylaglar

Şu gün baş milli baýramymyz — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Merdana ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirijiler bolan serkerdeler, esgerler, harby talyplar, ýaragly düzümleriň işgärleri döwlet Garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda we goramakda, Türkmenistanyň çäk bitewüligini hem-de konstitusion gurluşyny gorap saklamakda, raýatlaryň howpsuzlygyny we asudalygyny üpjün etmekde, Watan goragçylaryny edermenlik hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin sylaglara hödürlendiler.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Watana, öz halkyna päk hem-de wepaly gulluk edýändikleri, mukaddes harby borjy ak ýürekli ýerine ýetirýändikleri üçin Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň toparyna harby we ýörite atlar hem-de derejeler berildi.
Öz ykbalyny mähriban Watanymyzy goramak bilen aýrylmaz baglanyşdyran dabara gatnaşyjylar sylaglary alyp, dyzlaryny epip, harby kasamlaryna wepalylygyň, Watana baky ygrarlylygyň hem-de türkmenistanlylaryň parahat we döredijilikli durmuşynyň goragynda gaýratly durjakdyklaryna taýýarlygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň mukaddes Döwlet baýdagyny öpýärler.
Türkmen halky bütin taryhyň dowamynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine wepaly bolup geldi. Bu ýörelgeler häzir täze eýýamda Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň özenini düzýär. Ýurdumyz özbaşdak ösüş ýoluna gadam goýup, döwlet gurluşynyň täsin nusgasyny döretmek bilen birlikde, amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy üpjün etmegi hem başardy. Bu bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň öňde goýlan belent maksatlaryna tarap üstünlikli hereket etmek üçin möhüm şert bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň goranyş ukyplylygyny hemmetaraplaýyn berkitmek, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak wezipeleri milli Liderimiz tarapyndan işlenilip taýýarlanylan Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň esasy düzgünlerine pugta laýyk gelýär. Bu doktrina diňe goranyş häsiýetine eýe bolup, ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ýörelgesine doly kybap gelýär.
Onuň çäklerinde geçirilýän iri möçberli harby özgertmeler harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini has-da kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň durmuşy we gulluk etmegi üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylmagyny göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwrebap serhet galalaryny gurmak hem-de ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak, harby şäherçeleri, oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny, sport desgalaryny hem-de beýleki möhüm binalary gurmak baradaky başlangyjy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakdan başga-da, ösüp gelýän nesli watançylyk taýdan terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda açylan ýöriteleşdirilen mekdeplerde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde harby ussatlygyň tälimlerini ele almak we okatmak üçin ajaýyp şertler döredildi. Bu okuw mekdepleri harby we hukuk goraýjy edaralar üçin ýurdumyzda hünärli işgärleri taýýarlamagyň merkezine öwrüldi.
Ýurdumyzyň ýaş nesline nusga almaga şahsyýetlerimiz bar — Watanymyzyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran merdana ata-babalarymyzyň şöhraty barada Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ikinji jahan urşunyň söweşlerinde ildeşlerimiziň müňlerçesi deňsiz-taýsyz mertligini, harby borja wepalylygyny, Watana mizemez söýgülerini görkezdiler. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. B.Annaýewiň ömir ýoly häzir türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň hem-de borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda döwlet Baştutanymyza atasy Berdimuhamet Annaýewiň mynasyp bolan “Edermenligi üçin” diýen medal gowşuryldy. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, milli Liderimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew Watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin bu medal bilen sylaglandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary döwlet sylagynyň — “Edermenligi üçin” diýen medalyň ikinji jahan urşunyň söweş meýdanlarynda Ýer ýüzünde parahatçylygyň bähbidine başyny goýan watandaşlarymyza belent sarpa goýulýandygynyň nyşanydygyny hem-de ýaş esgerleri uly ýeňişlere ruhlandyrjakdygyny belledi.
Dabara gatnaşyjylar özleri hakdaky alada hem-de Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň öňündäki hyzmatlaryna berlen ýokary baha üçin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, mukaddes harby we raýatlyk borçlaryny gyşarnyksyz berjaý etmek bilen, özleriniň mundan beýläk-de türkmen döwletiniň milli bähbitleriniň hem-de howpsuzlygynyň, mähriban halkymyzyň parahat durmuşynyň goragynda durup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beýik gazananlaryny gorajakdyklaryna ynandyrdylar.