Döwlet gullugy akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň mugallymlary interaktiw usulda okatmagyň artykmaçlyklary bilen tanyşdylar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde “Türkmenistanda döwlet gullukçylarynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmagy goldamak” taslamasyny amala aşyrýar, onuň çäklerinde halkara bilermeni Klemen Belhar bilim bermekde interaktiw usuly ulanmak boýunça okuw geçirdi. Okuw-türgenleşige Akademiýanyň, Magtymguly adyndaky TDU-nyň, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar.
Okuwyň barşynda esasan kiçi toparlarda işlemek, hünärmen hökmünde we işewürlik oýunlary, durmuş taslamary, bolup biäýjek ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmak esasynda olary dessine çözmek, hakyky ýkdysady, durmuşy we telekeçilik ýagdaglary beýan edýän okuw ususly, tanyşdyrylyş we ş.m. ýaly ýokary okuw mekdeplerinde has talap edilýän usullara üns berildi. Olaryň ulanylmagy okuw materiallaryny netijlei özleşdirmäge, hünär sypatlaryny açmaga islege ýardam edýär, başarjaňlygy we gepleşik endiklerini ösdürýär.
Okuw-türgenleşiginiň dowamynda bellenilişi ýaly, geljekki hünärmenleriň hünär taýdan we şahsy mümkinçiligni ýokarlandyrmaga gönükdirilen iş başarjaňlyk, bilim bermegiň usulýetiniň täzelenip durulmagy häzirkizaman ýokary biliminiň esasydyr. Şu jähtden täzeçil pikirlenmegi höweslendirýän interaktiw bilimleriň ähmiýeti ýokarlanýar, olar okuw işiniň azyndan 20-30 göterimi bolmalydyr.
Bu usulyň artykmaçlyklarynyň arasynda bilim alýanlaryň döredijilik we analitik mümkinçiliklerini açyp görkezýän maglumatlary işjeň alyşmak, geçilen sapaklary netijeli özleşdirmek, işgärler toparynaky özara gatnaşyklarda beýklekileriň pikirini, durmuş ýörelgesini, hereketlerini we endiklerini sylamak hem-de hünär taýdan kämilleşmegini höweslendirmek ýörelgelri bar.
Okuwyň çäklerinde oňa gatnaşanlar amaly türgenleşikleri ýerine ýetirdiler, onuň maksady taýýarlyk, giriş, esasy bölüm we netijeleri jemlemek ýaly bilim işiniň özara bagly dört tapgyryndan ybarat interaktiw sapaklaryň algoritmini özleşdirmekdi.
Bu algoritm umumy we amaly sapaklary taýýarlamakda hem ulanylýar. Interaktiw sapaklaryň täzeçillik häsiýeti bilim bermek işine oňyn özgertmeler girizýär, çünki ol, ozaly bilen özara söhbetdeşlige gönükdirilendir.
Okuwyň jemleýji tapgyrynda oňa gatnaşanlar anyk meseläni köpçülikleýin ýa-da dürli ýagdaýlary, ideýalary, pikirleri we çaklamalary söhbetde ara alyp maslahatlaşmaklygy göz öňünde tutýan interaktiw bilimiň bir görnüşi hökmünde söhbetdeşligi alyp barmagyň dürli görnüşleri bilen tanyşdyryldy.
Interakriw bilim usullarynyň ornaşdyrylmagy – ýurduň innowasion ösüşi şertlerinde döwlet işgärlerini taýýarlamagy we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy kämilleşdirmegiň iň möhüm ugurlarynyň biridir. Ol bilim bermegiň maglumatlar görnüşlerinden we usullaryndan işjeň, amaly bilimleri netijeli iş bilen birleşdirmegiň mümkinçiliklerini gözlemeklige geçilmegini talap edýär. Şu jähtden döwrebap bilim tehnologiýlarynyň saýlanyp alynmagy döwlet işiniň dürli ugurlarynda hünärmenleriň başarjaňlygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.