«Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XII halkara kitap sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahata gatnaşyjylara

photo

Gadyrly myhmanlar! 
Hormatly ildeşler! 


Sizi Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabatda geçirilýän «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! 

Halkara sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahaty bu ýyl aýratyn wakalar bilen utgaşyp geldi. Biz 2018-nji ýyly «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan etdik. Häzirki döwürde Türkmenistan halkara çäreleriniň has köp geçirilýän ýurduna öwrüldi. 

Türkmen halky umumadamzat ösüşine şöhratly taryhy, edebi mirasy, sungat, ylym-bilim babatda dünýä meşhur şahsyýetleri, olaryň döreden ölmez-ýitmez eserleri bilen aýratyn goşant goşan milletdir. Biz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe şol edebi hem-de taryhy gymmatlyklary, milli mirasyň dürdänelerini ýygnap, halkymyza, şol bir wagtda-da dünýä okyjylaryna ýetirmek üçin uly işleri amala aşyrýarys. 

Türkmen halky milli gymmatlyklarymyza, esasan hem ynsanyň içki dünýäsini özgerdiji güýç hasap edilýän kitaba uly hormat goýýar. Biziň taryhymyz milletimiziň kagyz oýlanylyp tapylýança çap etmegiň gowaklarda gaýalaryň ýüzüne şekiller görnüşinde ýazmak ýaly döwürlerini başdan geçirendigini habar berýär. Marguşdan, Goňurdepeden, gadymy Nusaýdan hem-de ýurdumyzyň çäkleriniň beýleki ýerlerinden tapylan gymmatlyklar muňa şaýatdyr. 

Hormatly adamlar! 

Kitap hemişe adamzadyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän baýlyk, durmuşyň aýnasy, taryhyň beýany, geljege ýolgörkeziji hasaplanypdyr. Biziň ylmy-tenniki açyşlar bilen barha öňe barýan zamanamyzda kitaba, metbugata bolan isleg barha artýar. Şu nukdaýnazardan Türkmenistan döwletimizde neşirýat-çaphana ulgamyny yzygiderli ösdürýäris, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidýäris. 

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 2015-nji ýylda ulanylmaga berlen Metbugat öýi toplumy we onda öndürilýän önümler neşirýat-çaphana ulgamynyň dünýä derejesine çykýandygyna şaýatlyk edýär. Biz bu ulgama köp möçberde maýa goýumlaryny gönükdirip, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrdyk. Şeýle hem bu ugurdan kämil hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berýäris. Milli metbugat ulgamynda zähmet çekýän işgärler üçin ähli şertler hem-de mümkinçilikler yzygiderli döredilýär. 

Islendik ýaşdaky ynsanlaryň ruhy taýdan kämilleşmegine, jemgyýetiň, döwletiň ösmegine, ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň giňden dabaralandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýän kitaplary hem-de beýleki neşir önümlerini taýýarlamak we çap etmek işleriniň gerimi soňky ýyllarda has-da giňeýär. Türkmen, iňlis, rus, fransuz, hytaý, ýapon we beýleki dillerde çap edilen okuw kitaplarydyr beýleki neşir önümleriniň sanynyň has köp bolmagy munuň aýdyň mysalydyr. 

Barha ösýän döwür neşirýat-çaphana ulgamynyň işgärleriniň öňünde täze wezipeleri goýýar. Çeper bezelen, ýokary hilli, çuň many-mazmunly ajaýyp eserleri we beýleki neşir önümlerini çap etmek, syýasatda, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bolup geçýän täzelikleri, dünýä habarlaryny halk köpçüligine takyk we öz wagtynda ýetirmek bu ulgamda zähmet çekýänleriň esasy borjudyr. 

Hormatly neşirýat-çaphana ulgamynyň işgärleri! 
Gadyrly myhmanlar! 


Ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallaryň, okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň, ylmy işleriň, halk döredijiliginiň, nusgawy we häzirki zaman edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleriniň çeper bezegli, ýokary hilli çap edilmegi neşirýatçylaryň ýadawsyz zähmetiniň we çaphana işgärleriniň ussatlygynyň netijesidir. 

«Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahaty milli neşir önümlerimiziň aýratynlyklaryny dünýä ýaýmaga, daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmaga ýardam eder. Bu çäräniň çäginde geçiriljek halkara bäsleşigi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Sergi-ýarmarkada dünýäniň çar künjeginden gelen myhmanlara ýurdumyzda çykarylýan kitaplary we beýleki neşir önümlerini synlamaga, täze kitaplaryň tanyşdyrylyş dabaralaryna gatnaşmaga, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligi bilen ýakyndan tanyşmaga, döredijilik hem-de önümçilik tejribesini alyşmaga giň mümkinçilikler dörär. 

Hormatly halkara kitap sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahata gatnaşyjylar! 

Sizi «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! 

Size berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işleriňizde diňe rowaçlyklary arzuw edýärin! 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.