Türkmenabatly telekeçiler galyndylardan awtomobil akkumulýatorlaryny öndürýärler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň agzasy bolan Türkmenabatdan “Kökçi” hojalyk jemgyýetiniň akkumulýator sehinde iki ýylda awtomobil akkumulýatorlarynyň on müňe golaýy çykaryldy. Önümiň aglaba bölegi ilatdan satyn alynýan derde ýaramaýan kislotaly batareýalardan taýýarlanylýar.
Kärhanada taşlandylary gaýtadan işlemek üçin işledilýän owradyjy enjamda köne-sana plastmassalar owradylýar, awtomobilleriň batareýalarynyň gurşun gözenekleri bolsa gurşun guýulýan sehde guýulýar. Telekeçiler olaryň birnäçe görnüşiniň, şol sanda has gowy sypatlary bilen tapawutlanýan kalsili akkumulýatorlaryň önümçiligni ýola goýdular. Mundan başga-da, TNGIZT-nda çykarylýan polipropilenden önümiň gabarasyny guýmak hem ýola goýuldy.
“Kökçi” HJ-niň galyndylardan öndürýän akkumulýatorlary daşary ýurtlardan getirilýänlerden iki esse arzan, oňa 12 aýa kepillik berilýär. Ýerli telekeçileriň önümi awtomobilçileriň arasynda uly islegden peýdalanýar.