«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda medeni-sport festiwaly açyldy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalynyň açylyş dabarasy boldy.
Bu çäre sportuň 6 görnüşi — guşakly göreş, kiçi futbol, woleýbol, 3x3 basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis we küşt boýunça ýaryşlary özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, festiwal Hazaryň kenar ýakasynda şu hepdäniň dowamynda geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitlerinden — Dagystandan, Galmykdan, Astrahan oblastyndan we beýleki ýurtlardan toparlar geldiler. Iki ýüzden gowrak gatnaşyjylar ajaýyp “Daýanç” çagalar medeni-sagaldyş merkezinde ýerleşdiler.
Sport ýaryşlarynyň dowamynda mekdep okuwçylary diňe bir aýratynlykdaky baýraklar ugrunda däl-de, eýsem, toparlaýyn ýaryşlarda hem baýraklar ugrunda bäsleşerler. Mundan başga-da, ýaş zehinler çeperçilik festiwalynyň çäklerinde özleriniň köptaraply döredijilik ukyplaryny görkezerler. Şeýle hem myhmanlar üçin Türkmenistanyň taryhy we gözel ýerleri bilen tanyşmak boýunça gyzykly medeni maksatnama taýýarlanyldy.
Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalynyň esasy çäreleri “Awaza” sport toplumynda geçiriler. Bu toplum türkmen türgenleriniň hem-de ýygyndy toparlarynyň 2017-nji ýylyň güýzünde Aşgabatda uly üstünlige beslenen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmeginiň barşynda köptaraply okuw-türgenleşik merkezine öwrüldi.
Bu ýerde 28,5 gektar meýdanda sportuň oýun, suw we gyşky görnüşleri, söweş sungatlary bilen meşgullanmak üçin desgalar ýerleşýär. Şolaryň enjamlaşdyrylmagyna ýokary hünär ugurly sport enjamlaryny dünýäde iň meşhur öndürijiler gatnaşdylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, festiwalyň maksady sebitiň çagalaryny hem-de ýetginjeklerini bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmekden, halkara sport gatnaşyklaryny ösdürmekden hem-de berkitmekden, çagalar we ýetginjekler sporty ulgamynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr.
Hazaryň türkmen kenaryna dünýäniň dürli ýurtlaryndan çagalaryň gelmegi şu ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi babatda aýratyn mana eýedir. Sebitiň döwletlerini diňe bir ykdysady babatda däl, eýsem, medeni we ylmy taýdan ösdürmegiň hem merkezi bolan Türkmenistan bu kerwen ýolunyň ugrunda ýaşan halklary hem baglanyşdyrýardy. Ýurdumyz häzir bu ýoly täzeden dikeldip, dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we artdyrmaga çalyşýar.
Türkmenistan ösüşiniň häzirki tapgyrynda ulag, demir ýollaryny çekýär, köprüleri gurup, ählumumy abadançylygyň pugtalanmagyna, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de halklaryň özara düşünişmegine ýardam berýär. Şunda Watanymyzyň geljegi ellerinde bolan ýaş nesillere aýratyn orun berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-sport forumynyň ýaş gatnaşyjylaryna iberen Gutlagynda bu çäräniň ähmiýetini nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda häzirki döwürde sporty ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigi bellenilýär. Biziň döwletimiz dünýä döwletleri, halkara hem-de sebit guramalary bilen parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýär, özara düşünişmäge hem-de ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary ýola goýýar. Türkmenistan dünýäniň ösüşiniň täze şertlerini, milli we umumadamzat bähbitlerini nazara almak bilen, doganlyk Hazarýaka döwletleri bilen hem köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalynyň geçirilmegi parahatçylyk söýüjilik, dostluk däpleriniň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagynda bu forumyň sportuň wagyz edilmegine, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň arasynda dostluk we döredijilik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Açylyş dabarasynda ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Bütinrussiýa mekdep sporty federasiýasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti bellenildi. Figuralaýyn typmak boýunça üç gezek olimpiýa çempiony, on gezek dünýäniň çempiony we on bir gezek Ýewropanyň çempiony Irina Rodnina bu federasiýanyň prezidentidir.
Ýokary ynamdan ruhlanan ýaş türgenler woleýbol, futzal, stoluň üstünde oýnalýan tennis we küşt boýunça ýaryşlara uly höwes bilen girişip, ukyplaryny hem-de başarnyklaryny görkezdiler. Köp sanly tomaşaçylar ýaryşlaryň barşyna uly gyzyklanma bilen syn etdiler hem-de öz oýunçylaryny ýürekden goldadylar. Ertir ýaryş 3x3 basketbol hem-de guşakly göreş görnüşleri boýunça dowam eder.
Sport maksatnamasy tamamlanandan soň, ýeňijiler gymmat bahaly baýraklar bilen sylaglanar, beýleki gatnaşyjylara bolsa ýadygärlik sowgatlary we güwänamalar gowşurylar. Mundan başga-da, hepdäniň dowamynda myhmanlaryň Türkmenistanyň baý taryhy we medeniýeti bilen tanyşmagy dowam eder.
Hazaryň kenarynda Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalynyň çäklerinde zehinli çagalaryň VI halkara döredijilik festiwaly geçiriler. 5-nji oktýabrda uly konsert geçiriler, onda çagalar aýdym-saz we tans zehinlerini, ýurtlarynyň hem-de halklarynyň medeniýetini we sungatyny görkezer.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň diňe bir syýahatçylyk merjeni bolman, eýsem, ajaýyp derejede enjamlaşdyrylan iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän sport merkezi derejesine mynasyp bolandygyny nobatdaky gezek tassyklaýar. Hut şu ýerde 2014-nji ýylda türkmen sportunyň taryhynda ilkinji gezek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň mekdep okuwçylarynyň ýaryşlary, windsörfing boýunça dünýä çempionaty, Türkmenistanyň gylyçlaşmak federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşlar, milli futbol, woleýbol we basketbol ýaryşlary geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni tagallasy netijesinde Watanymyzda dürli halkara maslahatlary, bilim, aýdym-saz bäsleşikleri, sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Munuň özi Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän, bagtly çagalygyň we beýik maksatlaryň hasyl bolýan Diýary, parahatçylyga hem-de dostluga ygrarly döwlet hökmünde at-abraýynyň barha artýandygyny aýdyň görkezýär.