“Ynamdar taslamaçy” HK desgalaryň taslamasyndan başlap, olaryň gurluşygy tamamlanýança hyzmatlaryny teklip edýär

“Ynamdar taslamaçy” hususy kärhanasy desgalaryň taslamasyndan başlap tä olar gurlup ulanylmaga berilýänçä hyzmatlaryny teklip edýär. Ýyladyşhanalaryň, guşçulyk fermalarynyň, kiçi önümçilikleriň, kottejleriň, ýaşaýyş we edara jaýlarynyň, awtomobil duralgalarynyň, awtoulaglar ýuwulýan ýerleriň, hyzmatlar merkezleriniň we beýlekileriň gurluşygy üçin taslama-smeta resminamalary işläp taýaýrlamak HK-nyň işiniň esasy ugrydyr.
Taslamaçylar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda desglaryň ikisniň: demir-gurnamalry, şeýle hem oboýlary we oboý ýelimini öndürýän binalarynyň resminamalaryny işläp taýýarladylar.
“Ynamdar taslamaçy” HK-nyň taslamasy boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 240 müň towuk saklamaga niýetlenen et önümçiligine gönükdirilen guş fermasynyň gurluşygyna başlanyldy. Önümçilige guşlary köpeltmegiň döwrebap tehnologiýalary, şeýle hem howanyň ýagdaýyna awtomatiki usulda gözegçilik ulgamy, towuk etini saklamak üçin sowadyjy enjamlar we beýleki täzelikler ornaşdyrylar.
Kaka etrabyndaky ýyladyşhana hojalygynyň gurluşygynda-da häzirkizaman tehnologiýalary göz öňünde tutulan, bu ýerde suwaryşyň we ýyladyşhanany semallatmagyň awtomatiki usuly, ýyladyjy enjamlar we beýlekiler işlediler. Taslamada göz öňünde tutulan innowasinon täzelikler telekeçilere önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.
Kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy we daşary ýurtlardan getirlýän harytlaryň ýurdumyzda öndürilmegi hem-de eksporta gönükdirilmegi boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek jähtinden telekeçilik başarjaňlygynyň ýokarlanmagyna, täze önümçilikleriň döredilmegine, ozaldan işläp gelýänleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna we ýokary hilli önümleriň çykarylmagyna ýardam edýär.