Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 160-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden we Türkiýeden gelen telekeçiler tehniki kükürt (“Türkmengaz” DK), ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa tehniki uglerod (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. BAE-den gelen işewürler polipropilen haltalaryny hem satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, portlandsement, buýan köküniň ergini, nah ýüplük, pagta süýümi, pagta linti ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa Federasiýasy, Beýik Britaniýa, BAE, Özbegistan, Owganystan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 14 million 390 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Ermenistandan gelen işewürler jemi bahasy 4 million 382 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 22 million manatlykdan gowrak polipropilen we polietilen satyn aldylar.