Şekillendiriş sungaty muzeýiniň tematiki sergisi Aşgabat ýer titremesine bagyşlandy

Elhenç wakanyň subutnamasy bolup galan fotosuratlaryň birinde weýran bolan diwaryň üstüne gaýdan köçe sagady ulaldylyp alnypdyr. Onuň dili 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabat ýer titremesiniň başlanan pursadyny – gije 1 sagat 12 minut wagty görkezýär. 70 ýyl mundan ozal aşgabatlylar parahat ýatan wagty güýçli ýer titremesi olaryň öýüni weýran edip, onlarça müň adamyň ömür tanapyny kesipdi. Diri galanlaryň göreni ýüregiňi elendirýärdi. Weýran bolan şäher goýy tozana bürenipdi, delalat isläp gygyrýanlaryň sesinden, ýakynlaryndan jyda düşenleriň ahy-nalasyndan durar ýaly däldi... 

Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň bu elhenç heläkçiligiň pidalaryna bagyşlanan işleriniň sergisi guraldy. 

Meniň pkirime görä, Ýarly Baýramowyň “Ýakymsyz habar” işi sergidäki suratlardan iň güýçlisi. Nakgaş türkmen zenanynyň nalasyny şeýle bir ussatlyk bilen beripdir welin, ol täsiri babatda beýleki ussatlaryň işlerinden saýlanyp dur. Ezizilerinden jyda düşen garry enäniň ýürek awusy suratyň her ştrihinde inçelik bilen beýan edilipdir. 

H. Atakgaýewiň “Agyr pikir” grafiki işinde weýran bolan öýüniň gapdalyna çöküp, bala-çagalarydyr agtyklaryndan aýra salan nägehan ýer titremesinden soň neneň ýaşaýyn? diýip oýlanyp oturan, hasrata çümen goja şekillendirilipdir. 

K. Baýlýewiň işi has-da pajygaly şekillendiripdir. Surat ýeriň çagalary, aýal-gyzlary, garrylary rehimsiz hopuşyny görkezýär... 

Adatça, nakgaşlar Aşgabat ýer titremesi barada eser döredenlerinde grafika usulyna geçýärler. A. Hojammaýewiň “Heläkçilik” suraty bu temadan çekilen seýrek žiwopis eserleriniň biridir. Şonda-da reňkler gysby berlipdir: awtor narynç we çalymtyl-ýaşyl reňkleri ulanypdyr. Heläkçiligiň yzysüresiniň daňy. Adatça Günüň dogýan gülgüne reňki goýy çal tozandan ýaňa narynç-çal reňke boýalypdyr, ol weýran bolan jaýlara we olaryň aşagyndan dirileridir wepat bolanlary çykarýan adamlara siňipdir. Olaryň golaýyndan eli çagaly ýaş zenana ylgaşlap gidip barýar. Bela-beterden aňyny ýitiren zenan gyzjagazyny halas etjek bolup başardygyndan has daşa gaçjak bolýar. Ýöne ähli ýerde şol bir zat – weýran bolan jaýlar, nala çekýän adamlar... 

Sergide Änew metjidiniň girelgesiniň üç bölegi görkezilýär. Ýer titremesiniň eýmenç täsiri golaýdaky ýerlere-de ýetipdir. Mozaikanyň sergidäki bölekleri birehim belanyň asyrlaryň dowamynda nesiller üçin saklanyp galan özboluşly taryhy ýadygärligi-de aýamandygyny ýatladýar... Özboluşly fotosuratlar hem şol günleriň hasratyny görkezýär. 

Indi Aşgabat gözelligi bilen haýran edýän megapolise öwrüldi. Aşyklar şäheri köpsanly seýilgäh zolaklarynyň üýtgeşik ösümlikleridir gülleri, çüwdürimler akymlarynyň nepis owazlary, belent binalarynyň ak mermerleriniň şöhlesi bilen saýlanyp dur. Şonda-da 1948-nji ýylyň oktýabr gijesiniň heläkçiligi ýüreklerimizde we hakydamyzda galar.