Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetini üýtgedip guramak hakynda

photo

Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginiň iş görnüşlerini giňeltmek we içerki bazaryň balyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, karar edýärin: 

1. Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetini Türkmenistanyň Senagat ministrligine birleşdirmeli. 

2. Türkmenistanyň Senagat ministrligini üýtgedilip guralan Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli. 

3. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Senagat ministrligi: 

1) üýtgedilip guralan Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň garamagyndaky kärhanalary olaryň pudagara algy-bergileri we bank karzlary bilen olaryň işiniň esasy ugurlarynyň we iş ýerleriniň saklanylyp galynmagy şertinde şu Permana goşunda laýyklykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmaly; 

2) şu bölegiň 1-nji bendine laýyklykda hususylaşdyrylýan kärhanalaryň hasabyndaky durmuş maksatly desgalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň degişlilikde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hem-de beýleki döwlet edaralarynyň hasabyna kanunçylyga laýyklykda berilmegini üpjün etmeli. 

4. Şu Permanyň üçünji bölegine laýyklykda hususylaşdyrylýan kärhanalary satyn alyjylara olara hyzmat edýän banklar satyn alynýan kärhanalaryň bahalaryny tölemek we geljekde olaryň önümçiliklerini döwrebaplaşdyrmak üçin zerurlyga görä, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň serişdeleriniň hasabyna ýyllyk 1 göterim bilen 2 ýyl ýeňillikli döwri bolan 10 ýyl möhlete karz bermeli. 

5. Şu Permanyň üçünji bölegine laýyklykda kärhanalary hususylaşdyrmakdan alnan serişdeleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň býujetden daşary hasabynyň üsti bilen üýtgedilip guralan Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň pudagara bergilerini we bank karzlaryny üzmek üçin gönükdirmeli we olaryň artan bölegini Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirmeli. 

6. Türkmenistanyň Senagat ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli. 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
 

Aşgabat şäheri, 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabry.