Resmi habar

photo

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzda ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we azyk bolçulygyny pugtalandyrmak hem-de oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridik şahslary hem-de raýatlary üçin gök-bakja, ýeralma ekinlerini, üzümi we miweli baglary ösdürip ýetişdirmek boýunça oba hojalyk maksatly ýer gaznasynyň möçberi tassyklanyldy. 

Resminama bilen ýokarda görkezilen ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini, olarda ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek bilen gök-bakja, ýeralma ekinleriniň, üzümiň we miweli baglaryň hasylyny ýetişdirmek üçin önüm öndürijilere degişli meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde 99 ýyla çenli peýdalanmaga bermek tabşyryldy. 

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde önüm öndürijilere ýer böleklerini uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça namalary kanunçylykda bellenen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy.