Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Täjigistana geldi

photo

Termez, 14-nji oktýabr. Özbegistanyň Termez şäherinde Täjigistan Respublikasyna medeni çäresi bilen barýan ýurdumyzyň wekiliýetini dabaraly ýagdaýda garşylamak çäresi boldy. Demir ýol menzilinde ýygnananlaryň arasynda Özbegistanyň medeniýet ulgamynyň, döredijilik işgärleriniň, habar beriş serişdeleriniň, türkmen jemgyýetiniň wekilleri, ýaşlar ýygnandylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň wekiliýetiň üstüne ýüklän medeni wezipesi ýol ugrunda ähli şäherleri we şäherçeleri jebisleşdirip, hakyky agzybirlik we dostluk baýramçylygyna öwürdi. Özara düşünişmek, hormatlamak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan goňşy halklaryň ynsanperwer gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge möhüm goşant boldy. 

Iki ýurduň medeniýet işgärleri gutlag sözleri bilen çykyş edip, biziň döwletlerimiziň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da berkidiljekdigine ynam bildirdiler. Özbegistanyň wekilleri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli mirasymyzy aýawly saklamak, öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça geçirýän işleriniň uly ähmiýetini bellediler. 

Soňra türkmen döredijilik toparlary doganlyk halky ýurdumyzyň medeniýetiniň baýlygy bilen tanyşdyrýan konsert bilen çykyş etdiler. Sahnalaşdyrylan çykyşda halk we estrada aýdymçylary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän folklor we häzirki zaman eserlerini ýerine ýetirdiler. Artistleriň küştdepdi tansyny bilelikde ýerine ýetirmegi dostluk baýramçylygynyň jemleýji pursadyna öwrüldi. 

Dabara gatnaşyjylar üçin kitap sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze işleri — köp dillere terjime edilen ylmy-köpçülikleýin, publisistik we edebi eserleri aýratyn orun eýeledi. 

Dostlukly Özbegistanyň döredijilik wekilleri öz aýdymdyr saz sungatlaryny görkezdiler, şeýle hem ýygnananlary halk tanslary bilen begendirdiler. 

Ýygnananlar Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa, Şawkat Mirziýoýewe we Emomali Rahmona alyp barýan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatlary üçin, özara peýdaly medeni gatnaşyklaryň çäkleriniň giňeldilýändigi üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Türkmenistan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklara dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary we halklary, şol sanda doganlyk özbek halky bilen dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny goldamagyň möhüm görnüşi hökmünde garaýar diýlip bellenildi. 
 

***


Duşenbe, 14-nji oktýabr. Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Täjigistan Respublikasyna geldi. 

Gadyrly myhmanlar üçin demir ýol menzilinde dabaraly duşuşyk guraldy — Täjigistanyň döredijilik toparlary myhmanlary milli aýdym-sazlary bilen garşyladylar. Şeýle hem bu ýerde iki ýurduň tans toparlary çykyş etdiler. Çykyşlar küştdepdi milli tansy bilen jemlendi. 

Täjigistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň resmi taýdan açylyş dabarasy 15-nji oktýabrda bolar. Duşenbelilere we paýtagtyň myhmanlaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy, muzeý gymmatlyklarynyň we kitap önümleriniň sergisi, wekiliýetiň agzalarynyň Täjigistanyň döredijilik işgärleri bilen duşuşygy, şeýle hem teatr çykyşy we uly konsert garaşýar. 

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen medeniýeti, ruhy gymmatlyklary doganlyk halklary has-da ýakynlaşdyrmaga, olaryň özara düşünişmegini berkitmäge ýardam edýän möhüm ýagdaý bolup durýar. 

Soňky ýyllar ynsanperwer ulgamda hem türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegine beslendi. Iki ýurduň döredijilik işgärleri iki döwletiň şanly senelerine bagyşlanan çäreleriň geçirilmegine gatnaşýarlar, aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary, çeper sergiler guralýar. 

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan häzirki medeni çäre iki halkyň däbe öwrülen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir, munuň özi sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga ýardam eder. Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şol sanda halklarymyzyň has-da gülläp ösmegi üçin medeniýet we sungat ulgamynda gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli syýasatlary üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.