Pagta ýygymy möwsüminiň depgini: Lebap welaýaty

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýetişdirilen bol pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz we ýokary hilli ýygnap almak barada pagtaçylaryň öňünde goýan möhüm wezipeleri Amyderýa jülgesiniň ekerançylaryny ýygym möwsüminiň depginini güýçlendirmäge ruhlandyrdy. Ekerançylaryň we şu ýylky möwsüme gatnaşyjylaryň ähli tagallalary pagta ýygymynyň gysga möhletlerde tamamlanmagyna gönükdirilendir.
Lebap welaýatynyň 120 müň gektar ýeri eýeleýän ekin meýdanlarynda öz wagtynda ähli agrotehniki çäreleriň berjaý edilmegi, sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän gowaçanyň “Ýolöten — 7”, “С — 2606”, “Aş —37” ýaly ýokary hasylly görnüşleriniň ekilmegi hojalyklaryň köpüsine bu gymmatly ekiniň bol hasylyny ýetişdirmäge mümkinçilik berdi. Şu ýyl lebaplylar 300 müň tonna gowaça hasylyny ýygnamagy göz öňünde tutýar.
Hasylyň tehnika bilen ýygnalmagyna aýratyn üns berilýär, munuň özi el zähmetini azaldyp, ýygymyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şu günler ekin meýdanlarynda iki ýüzden gowrak pagta ýygyjy kombaýn işledilýär.
Ýygym möwsüminde Hojambaz etraby öňde barýar. Şeýle hem Darganata we Halaç etraplarynyň ekerançylary öňdäkileriň hataryna çykdylar. Bu etraplarda möwsümiň ilkinji günlerinden başlap, ýygymyň ýokary depgini üpjün edildi.
Eýýäm welaýatyň pagtaçy kärendeçileriniň müňlerçesi şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şolaryň hatarynda her gektardan gymmatly çig malyň 40 — 45 sentnerini ýygnamagy başaranlar hem bar.
Welaýatyň pagtany gaýtadan işleýän ähli 11 kärhanasynda hem-de 46 sany taýýarlaýyş bölüminde gelip gowuşýan çig mal dessine kabul edilýär, kabul ediş bölümleriniň iň täze enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanalarynda pagtanyň hili kesgitlenilýär, gymmatly çig maly gaýtadan işlemek gije-gündiziň dowamynda alnyp barylýar.
Halaç etrabynda bolsa mundan birnäçe ýyl ozal döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanylmaga berlen iň häzirki zaman pagta arassalaýjy kärhanada gowaça tohumyny almak üçin niýetlenen pagtany gaýtadan işlemek ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ýerde geljek ýylyň hasyly üçin ýokary hilli gowaça tohumynyň müňlerçe tonnasy ammarlara ugradyldy.