TÜRKMENISTAN EKSPORTYŇ HARYTLYK DÜZÜMINI DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRÝAR

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zawodyň taýýar önümleri gaplaýan bölümine baryp gördi, şol önümleriň hatarynda, ýokary temperaturada polimere dürli goşundylaryň girizilmegi netijesinde alynýan polietileniň ýedi görnüşi hem-de polipropileniň bäş görnüşi bar.
Kompaundirleme diýlip atlandyrylýan bu iş polimer önümleriniň esasy aýratynlyklarynyň toplumyny modifisirlemäge mümkinçilik berýär. Bu wajyp işi ýerine ýetirmek üçin ýörite enjamlar, şol sanda ekstruder abzaly göz öňünde tutulandyr.
Taýýar önümleriň düwürleri ammara ugradylýar, soňra dürli agramlykdaky haltalara gaplanylýar.
Kislotalara, aşgarlara, ýaglara garanyňda, berk mäkämligi we gatylygy, himiýa durnuklylygyna, dielektrik häsiýetlerine eýe bolmak bilen, polietilen tehniki, şeýle hem durmuşda ulanylýan serişdeleri — örtüjileri, paketleri, kommunikasiýa turbalaryny, elektrik kabelleri örtüjileri öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylýar. Ondan durmuşda ulanylýan himiýa önümleri, çelekler, oýnawaçlar, gap-gaçlar, aşhana we hammam önümleri, tikinçilik we mebel önümleri, awtomobil we durmuş tehnikalary üçin şaý-sepleri, şeýle hem oýun oýnalýan meýdançalar, guýular, estakadalar görnüşindäki uly möçberli gurluşlar üçin göwrümleri taýýarlaýarlar.
Külkelenen polipropilene dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär, bu isleg soňky on ýylyň dowamynda yzygiderli ýokarlanýar, bu bolsa birnäçe sebäpler bilen baglydyr. Bu polimer örän ýeňil gaýtadan işlenilýär, özboluşly häsiýetlere — ýeňillik, mäkämlik, ýokary temperaturalara durnuklylyk ýaly häsiýetlere eýe bolup, innowasion tehnologiýalar netijesinde ony ulanmagyň täze ugurlary peýda bolýar. Häzir polipropilenden önümleriň dürli görnüşleri — gaplaýyş örtüginden we plastik gaplaryndan başlap, durmuşda ulanylýan tehnikalaryň we awtoulaglaryň ýokary tehnologik şaýlaryna çenli öndürilýär.
Şu ýylyň tomsunda TNGIZT-de kuwwaty ýylda 21 müň tonna önüme deň bolan biaksial-ugurly polipropilen örtügini öndürýän zawodyň ulanmaga berlendigini bellemek gerek.
Şeýlelikde, tebigy gazy has düýpli we toplumlaýyn işläp taýýarlamagy ugur edinmek bilen, Türkmenistan dünýäniň energetika bazarynda energiýa serişdelerini iberýän döwlet hökmünde öz ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, energetika eksportynyň harytlyk düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna oňa gatnaşmagynyň häsiýetini hil taýdan üýtgeder.
Iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan bu kärhanada her ýyl 386 müň tonna ýokary hilli polietilen, 81 müň tonna hem polipropilen öndüriler. Şu önümleri öndürmek üçin tebigy gazyň düzüminden alnan zerur bolan etan, propan ýaly maddalardan başga galan arassa 4,5 milliard kub metri ýangyç hökmünde gaz geçiriji ulgamlara akdyrylar.