DÖWLET BAŞTUTANYMYZ GAZHIMIÝA TOPLUMYNYŇ DÖWREBAP ÖNÜMÇILIK DESGALARY BILEN TANYŞDY

Tolgundyryjy pursat gelýär — umumy el çarpyşmalar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düwmäni basmak arkaly polimer zawodyny işe girizýär.
Bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryna deň bolan bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — “LG International Corp”, “Hyundai Engineering” (Koreýa Respublikasy), şeýle hem “TOYO Engineering Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy. Üçtaraplaýyn şertnama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylda Ýaponiýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gol çekildi.
Iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan bu kärhanada her ýyl 386 müň tonna ýokary hilli polietilen, 81 müň tonna hem polipropilen öndüriler. Şu önümleri öndürmek üçin tebigy gazyň düzüminden alnan zerur bolan etan, propan ýaly maddalardan başga galan arassa 4,5 milliard kub metri ýangyç hökmünde gaz geçiriji ulgamlara akdyrylar.
Zawod Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Belgiýadan, Germaniýadan, Daniýadan we Ýewropanyň beýleki ýurtlaryndan satyn alnan döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Onuň düzüminde 4 sany esasy tehnologik desgalar: gazy bölüji, etany gaýtadan işleýän, polietilen we polipropilen öndürýän bölümler bar. Ähli tehnologik işler awtomatlaşdyrylyp, merkezleşdirilen görnüşde dolandyrylýar.
Kömekçi ulgamlar — deňiz suwuny toplaýan we duzsuzlaşdyrýan, gaýtadan işleýän, lagym suwuny arassalaýan hem-de senagat suwlaryny gaýtadan ulanýan, bug, howa we azot öndürýän ulgamlar, ýangyna garşy howpsuzlyk we beýleki ulgamlar gurnalanda öňdebaryjy inženerçilik çözgütleri ulanyldy. Toplum elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Himiýa serişdelerini hem-de taýýar polimer önümlerini saklamak üçin ammarlar guruldy.
Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynda polimerleriň önümçiligi döwrebap tehnologiýalaryň esasynda amala aşyrylýar. Ilkinji çig maly mümkin bolan garyndylardan düýpli arassalamak olaryň tapawutly aýratynlygy bolup durýar. Hususan-da, gazy bölüji desgada COREFLUXtm tehnologiýasy ulanylýar. Ol tebigy gazdan metanyň, etanyň netijeli alynmagyny üpjün edýär. Şeýle hem bütin dünýäde ulanylýan çig maly “turşy gazlardan” we simap garyndylaryndan arassalaýan tehnologiýa ulanylýar.
Etan desgasy bir ýylda uglewodorod çig malynyň 685 müň tonnasyny gaýtadan işlemäge niýetlenendir.
Ýeri gelende aýtsak, zawodda Türkmenistan üçin täze önümiň — ýokary dykyzlykdaky polietileniň önümçiligi özleşdirildi. Ol pes basyşda etileniň polimerleşdirilmegi netijesinde alynýar. Şunda InnovenetmS, tehnologiýasy ulanylýar. Ol dünýäde giňden ýaýran nebit we gazhimiýa senagatynyň üçlügine girýär. Lisenziýa “INEOS Technologies” (Beýik Britaniýa) — iri halkara korporasiýasy tarapyndan berildi, onuň düzümine “BP”, “ICI” we “BASF” ýaly ägirtlerden satyn alnan himiýa kärhanalary girýär. Umuman, bu Merkezi Aziýada “INEOS Technologies” korporasiýasyndan satyn alnan ilkinji InnovenetmS lisenziýasy bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýöredýän “Açyk gapylar” we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk syýasaty, milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginleri, senagat ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalar, amatly maýa goýum ýagdaýy, daşary ýurtly işewür toparlar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de köp ugurlarda, ozaly bilen, ylmy işleri talap edýän we ýokary tehnologiýaly pudaklara dünýä tejribesini giňden çekmek üçin amatly şertleri döredýär. Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyny gurmagyň taslamasy 2014-nji ýylda eksport-karz agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilen Ýewropanyň we Ýewraziýanyň iň gowy taslamalarynyň onusyndan biri hökmünde “TXF” (Beýik Britaniýa) guramasynyň ýörite sylagyna eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky, Koreýanyň eksport-import banky hem-de Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Koreýanyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Awstriýanyň we Şweýsariýanyň şu taslamany maliýeleşdirmek boýunça maliýe edaralarynyň bileleşigi bilen gol çeken karz ylalaşyklarynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 2,5 milliard dollaryndan hem geçýär. Bularyň hemmesi dünýäniň iri işewürligi tarapyndan Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlyga işjeň gyzyklanmany we taýýarlygy aýdyň görkezýär, munuň özi uly abraýly, ygtybarly, durnukly we jogapkärli hem-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde biziň ýurdumyza bildirilýän ynamyň uludygyna şaýatlyk edýär.