HÖKÜMETARA TÜRKMEN-SAUD TOPARYNYŇ MEJLISI

Şu gün ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi, onda ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň wezipelerine garaldy.
Duşuşyga döwlet düzümleriniň, şol sanda iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Toparyň işine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla Al Kasabiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi.
Iki tarapdan toparlaryň başlyklary hyzmatdaşlygyň netijeli we okgunly häsiýetini kanagatlanmak bilen belläp, Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde hökümetara toparyň ornuny nygtadylar. Mähirli kabul edilendikleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň ýolbaşçysy nobatdaky mejlisiň özara hormat goýmak hem-de deňhukuklylyk esasynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Toparyň agzalary ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemlerine oňyn baha berip, bilelikdäki işiň birnäçe ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Pikir alyşmalaryň barşynda dokma hem-de azyk senagatynda, bank ulgamynda, ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna maýa goýumlaryny artdyrmak we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda anyk teklipler aýdyldy. Ýygnananlar bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýeti barada aýdyp, öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin şertleriň bardygyny belläp, mejlise gatnaşyjylar eksport-import önümleriniň möçberini artdyrmakda tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda duşuşyklaryň guralmagynyň möhümdigi nygtaldy. Munuň özi täze maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berer.
Türkmen-saud ynsanperwer gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, hususan-da, medeni we ylym-bilim, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen anyk çäreler kesgitlenildi.
Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň mejlisine gatnaşyjylar hökümetara toparyň mejlisiniň barşynda kabul edilen çözgütleriň iki dostlukly ýurduň we halkyň bähbidine ähli ugurlar boýunça doly derejeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.