2019-NJY ÝYLYŇ BAŞ MALIÝE MEÝILNAMASYNDA DURMUŞ ULGAMYNY ÖSDÜRMÄGE AÝRATYN ÜNS BERILER
19-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde, wise-premýer G.Myradow 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanandygy barada hasabat berdi. Degişli edaralar bilen ylalaşylan bu resminamalarda ähli pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de sanly ykdysadyýete geçmek boýunça milli Liderimiziň başyny başlan işlerini maliýeleşdirmek üçin ýörite serişdeler göz öňünde tutuldy. Şol serişdeleriň agramly bölegini ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirmek meýilleşdirilýär. Geljek ýyl üçin býujetde zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak göz öňünde tutuldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly ileri tutulýan meselelere ünsi çekip, ýurdumyzda dolandyryş edaralaryny saklamak üçin baş maliýe meýilnamasynda býujet çykdajylaryny azaltmagyň möhümdigini, tygşytlanan serişdeleri bolsa, köp mekdepleri, çagalar baglaryny ýa-da beýleki desgalary gurmaga gönükdirmelidigini belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde geçirilýän uly özgertmeler barada aýdyp, döwletimizi senagat taýdan ösdürmek, elektron senagatyny döretmek, sanly ykdysadyýete geçmek işleriniň häzirki döwürde bu ugurlardan köp sanly hünärmenleri talap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda örän zerur ugurlar, ýagny maliýe, oba hojalyk, senagat we elektron senagaty boýunça okuw meýilnamasynyň täze maksatnamalaryny işläp taýýarlamak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň Döwlet býujetinde bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlary üçin köp serişdeleri göz öňünde tutmagyň möhümdigini aýtdy.
Baş maliýe meýilnamasy taýýarlananda öňki ýyllarda bolşy ýaly, durmuş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermek gerek. Ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmek, aýratyn-da, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin, Döwlet býujetinde goýberilýän serişdeleri artdyrmak gerek.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradowa ýüzlenip, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmagy, kiçi önümçilikleri höweslendirmek, ýola goýmak we ösdürmek boýunça çäreleri-de meýilleşdirmegi göz öňünde tutmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ilat üçin karz maliýe serişdeleriniň möçberini hem artdyrmagyň, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyryp, karz serişdeleriniň elýeterli bolmagyny gazanmagyň, bank goýumlaryny höweslendirip, onuň ygtybarly kepillendirilmegini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Maýa goýum maksatnamasyna gaýtadan seredilmegini möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, senagat kärhanalarynyň gurluşygyny her ýyl artdyrmagyň gerekdigini aýtdy.