“DEMOKRATIÝA WE HUKUK” ŽURNALY

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan üç aýda bir gezek çap edilýän neşiriň nobatdaky sanynyň sahypalarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlary beýan edilýär, ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň we demokratik özgerişlikleriň mazmunyny we häsiýetini açyp görkezýän habar beriş we seljeriş makalalary çap edilýär.
Žurnaly döwlet Baştutanymyzyň “Beýik Ýüpek ýoly — ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly ýokary derejeli halkara forumda eden çykyşy açýar. Forumyň gün tertibine ulag we logistika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň gerimli meseleleri girizildi. Milli Liderimiz bu forumy çagyrmagyň maksady barada aýdyp, häzirki ýüzýyllykda gadymy kerwen ýoluny täzeden dikeltmegiň ähmiýetini ünsli we çynlakaý öwrenmegiň, bu ýoluň dünýäniň onlarça döwletleri, ýüz millionlarça adamlaryň ösmegi üçin açýan ägirt uly mümkinçiliklerini seljermegiň wagtynyň gelendigini belledi.
Neşir döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň halkyna iberen Gutlagy bilen dowam edýär. Bu baýramçylyk umumy baýram hökmünde ýurdumyzda ilkinji gezek bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, “Biz jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragyny kepillendirýän Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanyp, milli guwanjymyza öwrülen ýaşyl Tugumyzyň astynda Türkmenistanyň iň täze taryhyny döredýäris. Eziz Watanymyzyň ykdysady, durmuş-medeni ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine çykmagyna, ilkinji nobatda bolsa, halkymyzyň asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalarymyzy we özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys”.
Bu baradaky gürrüň Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň konstitusion gurallaryna bagyşlanan makalada hem beýanyny tapdy. Ony ýazan köp sanly maglumatlaryň esasynda döwlet Baştutanymyzyň parahatçylyk döredijilikli halkara başlangyçlarynyň hem-de ýurdumyzda demokratik gymmatlyklary berkarar etmek boýunça alnyp barylýan köptaraply işleriň oňyn ähmiýetini açyp görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetini ösdürmegiň strategik ugurlarynyň biri ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny, hususan-da, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny peýdalanmakdan ybaratdyr. Şu babatda “Internet tehnologiýalary we ylmy barlaglar: milli tejribe, milli maksatlar we mümkinçilikler” atly makala ýerleşdirilipdir. Onda ylmy pudagy informatizasiýalaşdyrmak babatda Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň işi beýan edilýär hem-de bu ugurda anyk wezipeler kesgitlenilýär.
Tematiki neşirleriň hatarynda “Magtymguly Pyragy — şahyr we watançy” diýen makala bar. Ony ýazan beýik akyldar şahyryň mirasynyň ynsanperwer ugurlaryna, ýaşlary watançylyk taýdan terbiýelemekde onuň döredijiliginiň ähmiýetine ünsi çekýär.
Jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň sazlaşdyrylmagynyň ýagdaýlarynyň biri hökmünde salgyt syýasaty baradaky makalada milli ykdysadyýetiň dolandyryş gurallaryny kämilleşdirmek we hojalygy dolandyrmagyň bazar usullaryna tapgyrlaýyn üstünlikli geçmek maksady bilen, salgyt ulgamynyň döwrebap hukuk binýadyny döretmegiň ähmiýeti nygtalýar.
“Türkmenistanda raýatlaryň zähmet çekmäge bolan hukuklarynyň kepillikleri” baradaky makalada bu hukuklary berkidýän Esasy Kanunyň hem-de beýleki kanunçylyk resminamalaryň düzgünleri getirilýär. Ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlary bilen utgaşdyryp, adam hukuklaryny goramaga gönükdirilip, amala aşyrylýan häzirki zaman hukuk özgertmeleriniň adam hakdaky, ýurdumyzyň raýatlarynyň her biriniň erkin ösmegi baradaky aladanyň ileri tutulýandygyny aýdyň görkezýändigi nygtalýar.
“Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygy: öý edinmäge hususylaşdyrmak hukugy” diýen makalada raýatlaryň bu mesele boýunça hukuklary düşündirilýär.
Hil taýdan täze ugur bolan ulag diplomatiýasy dünýä derejesinde özara gatnaşyklarda barha pugta ornaýar. BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalaryň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag diplomatiýasynyň meseleleri boýunça köptaraply gatnaşyklaryň başyny başlady. Bular barada “Halkara ulag ulgamynda Türkmenistanyň eýeleýän orny” atly makalada gürrüň berilýär. Makalany ýazan ählumumy başlangyçlaryň hem-de oňyn ýagdaýlaryň biri hökmünde ulag-logistika pudagyny ösdürmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan iri möçberli işleriň ähmiýetini açyp görkezip, bu ulgamda döwrebap milli kanunçylyk binýadynyň bardygyny belleýär.
Neşir “Hronika” diýen habarlaryň toplumy bilen tamamlanýar. Onda ýylyň ikinji çärýeginiň wakalaryna syn ýerleşdirilipdir, Aşgabatda abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň we bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklar, okuw maslahatlary şöhlelendirildi.
Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Demokratiýa we hukuk” žurnaly hünärmenlere hem-de giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.