LEBAP WELAÝATYNDA ŞALY ÝETIŞDIRMEK ÜÇIN TAKYR ÝERLERI ÖZLEŞDIRMEGIŇ IŞEWÜRÇILIK MEÝILNAMASY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

photo

Amyderýa jülgesinde şalynyň täze hasylynyň oragy başlandy. Şu ýyl Lebap welaýatynyň şalyçylary güýzlük galla ekinleri ýygnalandan soň boşan 10,2 müň gektar ýerde bu gymmatly azyk ekinini ekdiler we onuň her gEktaryndan ortaça 46,7 sentner şaly almagy göz öňünde tutýarlar. 

Ýetşdirilen hasyl bellenilen sepgide ýetiljekdigine ynam döredýär. Agrotehnikanyň ähli kadalarynyň berjaý edilmegi, şalynyň ýerli toprak-howa şertlerine has uýgunlaşan görnüşleriniň saýlanyp alynmagy üstünligiň esasy şertleridir. Ýetişdirilen hasyly ýitgisiz we öz wagtynda amatly möhletlerde ýygnamak üçin ulgamlaryň ählisiniň özara hereketini üpjün etmek boýunça çäreler işlenilip düzüldi. Şu ýyl lebaply şalyçylar döwlete 47 müň tonna şaly tabşyrmagy göz öňünde tutýarlar. 

Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýakyn ýyllarda Lebap welaýatynda şaly öndürilişi artdyrylar. Häzirki wagtda Kerki etrabynda ýylda 10 müň tonna bu gymmatly azyk önümini ýetişdirmek we gaýtadan işlemek boýunça iri taslama durmuşa geçirilýär. “Myradym” Hususy kärhanasynyň täze toplumyna takyr meýdanlardan 1000 gektar ýer bölünip berildi, şol ýerleri özleşdirmek güýçli depginde alnyp barylýar. 6 gektar ýerde döwrebap enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen toplum peýda bolar. Ýakyn ýyllarda Halaç etrabynda-da şaly ýetişdirýän we ony gaýtadan işleýän şeýle kärhana dörediler.