TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

photo

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, mejlisde Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna, şeýle hem halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içerki syýasatynyň meselelerine garaldy. 

Döwlet Baştutanymyz gün tertibini yglan edip, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. 

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy pagta hasylyny taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetiren Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ekerançylarynyň zähmet üstünligi bilen gutlady. Olar “ak altynyň” 9 müň 250 tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyrdylar. Bellenilişi ýaly, pagtaçylaryň zähmet ýeňşi ekerançylaryň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine, daýhanlaryň netijeli zähmeti üçin zerur şertleriň döredilmegine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiziň özleri hakyndaky alada iş bilen jogap berýändikleriniň aýdyň mysalydyr. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hoş habar üçin minnetdarlyk bildirip, “ak altynyň” bol hasylyny ösdürip ýetişdiren türkmen pagtaçylarynyň ajaýyp üstünligi bilen ähli ildeşlerimizi gutlap, olara berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. 

Milli Liderimiz döwletimiziň geljekde hem ekerançylary, ýokary öndürijilikli işlemek, bol hasyly ösdürip ýetişdirmek üçin hem-de abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli mümkinçilikleri döretjekdigini nygtady. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, halkymyzyň abadan durmuşy hem-de döredijilikli zähmeti üçin geçirilýän çäreleriň ählisi biziň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz ekerançylaryň ýadawsyz zähmeti bilen ýetişdirilen hasylyň iň soňky hanasyna çenli ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etjekdiklerine berk ynam bildirdi. 

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa parlamentiň alyp barýan işi, täze kanunçylyk taslamalarynyň işlenip taýýarlanylyşy, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we beýleki ulgamlaryny ösdürmegi höweslendirmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň çözgütleriniň kanunçylyk taýdan üpjünçiligi ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir. Deputatlar ýerlerde wagyz we maglumat-düşündiriş işlerini geçirýärler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Halk Maslahatynyň çözgütlerini, beýleki strategik wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. 

Milli Liderimiz parlamentarileriň sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerini amala aşyrmakda öz ygtyýarlyklaryny netijeli peýdalanmaklarynyň hem-de ýaş nesli terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça çärelere işjeň gatnaşmaklarynyň zerurdygyny aýtdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işleri ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň jemleri hakynda hasabat berdi. 

Habar berlişi ýaly, Tokio saparyň barşynda bu ýurduň Hökümetiniň, Parlamentiniň, şeýle hem birnäçe döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi, şolaryň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony möhüm ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ýola goýlan açyk, deňhukukly we dostlukly syýasy gepleşigiň we yzygiderli dowam etdirilýän ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ygtybarly esasy bolup durýandygy bellenildi. 

Türkmenistan we Ýaponiýa halkara hem-de sebit derejesinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Hususan-da, “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýapon tarapy türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Öz nobatynda, biziň ýurdumyz hem Ýaponiýanyň netijeli tekliplerini goldaýar. 

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleriň barşynda Türkmen-ýapon komitetiniň ornuna möhüm ähmiýet berildi. Şu güne çenli onuň mejlisleriniň 12-si geçirildi. 2018 — 2020-nji ýyllarda garalmagy meýilleşdirilen geljegi uly taslamalaryň sanawy hem kesgitlenildi. 

Maýa goýum işine degişli meseleler içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy bu ulgamda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki maksatnamany taýýarlamak hakynda teklip bilen çykyş etdi. Medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda hem-de sport we iri halkara ýaryşlaryny guramak ugrunda özara gatnaşyklary ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň barşynda resminamalaryň 8-sine gol çekildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýaponiýa bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistan bilen Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen baglylykda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belledi. Döwletleriň ikisiniň hem doly gerimli hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlylygyna, ýokary, hökümetara we pudagara derejedäki yzygiderli duşuşyklar hem-de soňky ýyllarda has pugtalanan, däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň düýpli kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döredilmegi hem şaýatlyk edýär. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara giň ugurlar boýunça türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklara degişli anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz çaý içişlik ýaly milli däp-dessurlara bagyşlanan sergileri we duşuşyklary, söhbetdeşlikleri we beýleki döredijilik çärelerini geçirmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn ylym-bilim gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, innowasiýalary we nou-haulary iş ýüzünde ornaşdyrmak babatynda ýapon hyzmatdaşlarymyzyň toplan iň gowy tejribesini öwrenmek boýunça görkezmeleri berdi. 2016-njy ýylda Aşgabatda Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de okuw maksatnamasyna ýapon dili girizilen ýöriteleşdirilen orta mekdebiň açylmagy bu ugurda hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr. 

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegine üns bermegi tabşyrdy hem-de türkmen türgenleriniň 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýokary taýýarlyk derejesini üpjün etmek barada hem görkezmeleri berdi. 

Mundan başga-da, milli Liderimiz türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny hem-de maýa goýum işlerini giňeltmek boýunça degişli tabşyryklary berdi, şunda nebiti we gazy gaýtadan işleýän hem-de senagat pudaklary, maliýe-bank düzümleri, kiçi we orta telekeçilik ugry, Ýaponiýada öndürilýän döwrebap ýöriteleşdirilen enjamlary satyn almak boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlar bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlyk meseleleri baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, demir ýol ulaglaryny döwrebaplaşdyrmak we demir ýoluny elektrifikasiýalaşdyrmak, ýokary tizlikli demir ýol ulgamyny döretmek babatynda Ýaponiýanyň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmeginiň hem-de Türkmenistanda ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp hem-de türkmen wekiliýetiniň Tokio şäherine iş saparynyň, umuman, üstünlikli geçendigini belläp, umumy bähbitlere kybap gelýän türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini ýene bir gezek nygtady. 

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy 2-nji noýabrda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçiriljek GDA agza ýurtlarynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine türkmen tarapynyň gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Mejlisiň gün tertibine Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giň meseleleri, şol sanda ykdysady we durmuş, energetika we beýleki ulgamlara degişli meseleler giriziler. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ulgamlarda giň mümkinçilikleri özünde jemleýän däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly goşant goşýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmek wezipesini öz üstüne alýandygyny belläp, Astanada geçiriljek ýokary derejeli mejlise gatnaşmaga taýýarlyk görmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Bu mejlisde türkmen tarapyna wekilçilik etjek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa Arkalaşygyň çäklerinde Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk baradaky nukdaýnazaryny beýan etmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hasabatyň dowamynda Aşgabatda geçirilen türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň jemleri barada habar berdi. 

Duşuşyga gatnaşmak üçin ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji hanym Emiliýa Pumanyň ýolbaşçylygyndaky Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekiliýeti ýurdumyza geldi, duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garaldy. 

Tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, häzirki zamanyň ählumumy howplaryna we wehimlerine garşy durmak işinde hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň, şol sanda milli Liderimiz tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda öňe sürlen teklipleriň ähmiýeti bellenildi. 

Şeýle hem ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geljegi uly türkmen bazarynda ornuny pugtalandyrmaga hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalara gatnaşmaga barha artýan gyzyklanmalary beýan edildi. Muňa iri amerikan kompaniýalarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-a amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Nýu-Ýorkda geçirilen işewürler maslahatynda beýan edilen teklipler hem şaýatlyk edýär. 

Milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň geljekde hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen däp bolan dostlukly, deňhukukly döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegi ugur edinýändigini nygtap, şunuň ýaly duşuşyklaryň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatynda ileri tutulýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli gural bolup hyzmat edýändigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz dürli ugurlarda netijeli türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, özüniň netijeliligini görkezen hem-de yzygiderli esasda geçirilýän daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleri dowam etdirmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow milli puluň —manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanan maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, 1-nji noýabrda geçiriljek “Beýik Ýüpek ýolunyň türkmen milli puluna ýetiren täsiri” atly maslahatda milli pulumyzyň ähmiýeti, ýurdumyzda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler, türkmen Lideriniň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady ulgamy özgertmekde pul-karz syýasatynyň orny barada çykyşlar ediler. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda kesgitlenilen ileri tutulýan wezipeler nazara alnyp, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada habar aýdyldy. Bu resminamada “Sanly Türkmenistan” döwlet maksatnamasynyň taslamasynyň bellenilen tertipde ylalaşylan esasy ugurlary öz beýanyny tapdy. 

Üç tapgyrda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan bu konsepsiýada ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň maksady, wezipeleri kesgitlenildi, şeýle hem jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň goşandyny artdyrmak milli ykdysadyýetiň sanly ulgamyny kämilleşdirmek boýunça birnäçe çäreler geçirildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, mundan 25 ýyl ozal milli pul birligini dolanyşyga girizilmek baradaky çözgüt ýurdumyzyň taryhynda möhüm waka bolup, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we netijeli bank ulgamynyň kemala getirilmegine kuwwatly itergi berdi. Maslahatda milli pulumyzyň garaşsyz ykdysady we pul-karz syýasatyny geçirmekde ähmiýeti, hakyky ykdysady özygtyýarlylygy gazanmakdaky orny ýaly meseleler boýunça çykyşlarda giňden beýan edilmelidir hem-de ylmy nukdaýnazarda esaslandyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Milli Liderimiz öňde boljak maslahatyň iş meýilnamasyny makullap, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. 

Türkmenistanda ýakyn geljek üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýanyň kabul edilmegi hem-de üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň durnukly innowasiýa ýoly bilen ösüşine, ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyna, telekeçilik işleriniň täze görnüşleriniň kemala gelmegine, maýa goýumlarynyň işjeň çekilmegine ýardam eder diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Mundan başga-da, bu işler döwleti dolandyrmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagyna hem-de onuň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ýokary hilli hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirer diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere taslamanyň üstünde işlemegi tabşyrdy. 

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz M.Orazdurdyýewi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi. Şeýle hem ol Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipesine bellenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem öz üstüne ýüklenen wezipeleri oňarmandygy sebäpli M.Baýramdurdyýewi maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy. Bu wezipä S.Welbegow bellenildi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň aýry-aýry pudaklarynda işleriň ýagdaýy, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan umumy ykrar edilen energetika döwleti hökmünde häzirki wagtda öz energetika strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýandygyny nygtady. Nebitgaz serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýäniň iri bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bu strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, häzirki zaman gazy gaýtadan işleýän toplumlar ulanylmaga berilýär. Ýangyç-energetika toplumy tarapyndan öndürilýän önümleriň mukdary artdyrylýar. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ulgamda öňdebaryjy tejribä eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi, pudaga daşary ýurt maýa goýumlarynyň işjeň çekilmegi babatynda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

Şeýle hyzmatdaşlyk ileri tutulýan pudaklaýyn taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna, önümçilige iň täze tehnologiýalaryň ýokary depginde ornaşdyrylmagyna, nebit we gaz känlerini özleşdirmegiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, uglewodorod çig malynyň düýpli gaýtadan işlenilmegine ýardam berer diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurdaky işleri işjeňleşdirmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem obasenagat toplumynda özgertmeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitlerinde pagta ýygymy möwsümi dowam edýär. Pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, hasyly kabul ediş bölümlerine bökdençsiz daşamak hem-de pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli çäreler görülýär. 

Hasabatyň çäklerinde Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda habar berildi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyz boýunça jemi 117 müň 774,9 gektar möçberde oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasy döredildi. 2019-njy ýylda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin bu gaznadan hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere uzak möhletleýin peýdalanmak üçin ýer bölekleri bellenen tertipde berildi. 

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde yzygiderli durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn çäreler ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili ulgama öwürmäge gönükdirilendir. Şu maksatlary durmuşa geçirmek üçin hojalygy alyp barmagyň täze netijeli usullaryny peýdalanmak, oba hojalyk toplumynda hususy ulgamyň paýyny yzygiderli artdyrmak, öňdebaryjy kärendeçileri goldamak zerurdyr. Tutuşlygyna alnanda, bularyň hemmesi döwletimiziň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga, ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. 

Döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almagy üpjün etmegiň öňde durýan möhüm wezipedigine ünsi çekip, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, dokma pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de innowasion esasda önümleriň täze görnüşlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň önümçilik binasynda ýylda 23 müň sany örme önümlerini öndürmek ýola goýuldy. Önümçiligiň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy enjamlary hem-de tikin enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy ulular we çagalar üçin dürli görnüşlerini, sport lybaslaryny öndürmäge mümkinçilik berdi. 

Wise-premýer slaýdlaryň kömegi arkaly döwlet Baştutanymyzy bu önümleriň nusgalary bilen tanyşdyrdy hem-de milli Liderimiziň garamagyna içerki bazarda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylýan möçberini hem-de görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda dokma önümleriniň önümçiligini giňeltmek baradaky teklibi hödürledi. Ýokary öndürijilikli enjamlaryň ornaşdyrylmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň mukdaryny artdyrmaga, pudagyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga kömek eder. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Munuň özi ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynyň sazlaşykly ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Iň täze tehnologiýalaryň esasynda ekologiýa taýdan arassa serişdelerden dünýä ölçeglerine kybap gelýän dokma önümleri öndürilýär we daşary ýurtlara iberilýär. 

Milli Liderimiz ýerli çig malyň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere degişli meseleleriň, şol sanda pudaga tehnologiki enjamlary ornaşdyrmagyň, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň mümkinçilikleriniň üstünde içgin işlemegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilýän işler, hususan-da, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak, ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini yzygiderli artdyrmak, jemagat hojalygy gulluklarynyň işlerini kämilleşdirmek, awtomobil ýollarynyň hem-de köprüleriň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, toplumyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz ilaty elektrik energiýasy we gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek meselesine ünsi çekip, bu işleri hemişe gözegçilikde saklamak barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz gurluşyk kärhanalarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna döwletimiziň uly üns we maddy taýdan goldaw berýändigini belläp, öňde goýlan ähli wezipeleriň häzirki zaman tehnikasyny hem-de iň täze tehnologiýalary peýdalanmak, innowasiýa häsiýetli önümçilik düzümlerini döretmek arkaly çözülmeginiň zerurdygyny aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda degişli görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, haryt dolanyşygyny giňeltmek, ýurdumyzyň eksport ugurly hem-de daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürijileri goldamak, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda toplumynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitläp, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň telekeçileriniň mümkinçiliklerini has giňden peýdalanmak boýunça görkezmeleri berdi. 

Bu ugurda kiçi we orta telekeçiligi bäsdeşlige ukyply azyk we senagat harytlaryny öndürmek, türkmen önümlerini daşarky bazarlarda ilerletmek, döwlet — hususy bölegiň hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak ulgamynda höweslendirmekde esasy çelgiler bolmalydyr. Daşary ýurtlaryň hojalyk düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklary ýola goýmakda kärhanalara goldaw bermek, eksport amallaryny guramaga iş ýüzünde kömek bermek uly ähmiýete eýe bolýar diýip, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Lapis — Lazuli (Lazurit) ugry boýunça ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Wise-premýer multimodal üstaşyr geçelgeleri döretmäge ýardam bermek maksady bilen, awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny birleşdirýän ulag ulgamyny kemala getirmek üçin halkara kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny işläp taýýarlamak boýunça-da yzygiderli işleriň dowam etdirilýändigini aýtdy. Şolar sebit we halkara derejesinde ykdysady ösüşe ýardam berer. 

Şunuň bilen baglylykda, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran hem-de Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgeleriniň ähmiýeti nygtaldy. Şolar bu ugur boýunça daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagy hem-de esasy ugurlar boýunça degişli düzümleri mundan beýläk-de giňeltmegi ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. 

Milli Liderimiz Lazurit ugry boýunça ulag we üstaşyr geçelgäni döretmek barada aýdyp, demir ýollaryň hem-de awtomobil ýollarynyň Turgundy şäherini Aşgabat, soňra bolsa Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty bilen birleşdirýändigini belledi. Soňra bu geçelge Hazaryň üsti bilen Bakuwa, soňra bolsa Tbilisiniň üsti bilen Türkiýä, ondan aňryk Ýewropa çenli dowam eder. Milli Liderimiz türkmen deňizýakasy arkaly TRASEKA halkara ulag geçelgesiniň geçýändigini, ýakyn geljekde bolsa Merkezi Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan “deňiz derwezesiniň” sebitiň iri logistika merkezine öwrüljekdigini aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu mesele boýunça Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary bilen iberilýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewe bu taslamany durmuşa geçirmegiň anyk ýollary barada özara pikir alyşmak barada tabşyryk berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa milli senenamamyzyň şanly seneler, baýramçylyklar hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli noýabr aýynda meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de ilatyň arasynda düşündirmek, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçýän ýylyň maksatnamalaýyn çärelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde döredijilik duşuşyklaryny, maslahatlaryny, sergilerini, aýdym-sazly dabaralary guramak göz öňünde tutulýar. Hasyl toýy mynasybetli medeni çäreler taýýarlanylýar. 

Noýabr aýynyň birinji ongünlüginde Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Halkara çäreleriň hatarynda Russiýanyň kino günleri, ýapon filmleriniň festiwaly, koreý medeniýeti bilen tanyşlyk çäreleri bar. Italýan saz toparynyň çykyşy hem-de Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde birnäçe çäreler göz öňünde tutulýar. 

Söwda-senagat edarasynyň binasynda her ýyl geçirilýän “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat guralar. Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň 20 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat we sergi geçiriler. 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününe hem-de bu guramanyň baýraklarynyň gowşurylmagyna bagyşlanyp dabaraly çäreler geçiriler. Noýabr aýynda Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýokary okuw mekdepleriniň hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemleniler. 

Mundan başga-da, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli hem-de birnäçe sport ýaryşlaryna bagyşlanan medeni çäreler taýýarlanylýar. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp hem-de Türkmenistanyň häzirki döwürde ýeten sepgitlerini wagyz etmekde, ýaş nesli terbiýelemekde we jemgyýetde ruhy gymmatlyklaryň saklanylmagynda öňde boljak medeni çäreleriň ähmiýetini belläp, wise-premýere şolary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, ýurdumyzda şolaryň üstünlikli guralmagy üçin ähli şertleri döretmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Aşgabatda şu ýylyň 28-nji oktýabry — 10-njy noýabry aralygynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Dünýä derejeli agyr atletikaçylaryň bu bäsleşigine Afrikadan, Ýewropadan, Aziýadan, Amerikadan we Okeaniýadan 100-e golaý döwletiň wekilleri gatnaşar. Çempionata daşary ýurtlardan jemi 800 türgeniň, 300 tälimçiniň, 45 eminiň we lukmanlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 70-siniň hem-de Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň 100-den gowrak işgäriniň — jemi 1500 adamyň gelmegine garaşylýar. Dünýä birinjiliginde 201 medal: 67 altyn, 67 kümüş we 67 bürünç medallary ugrunda bäsleşikler guralar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde 500-e golaý meýletinçi taýýarlanyldy. 

28 — 31-nji oktýabr aralygynda Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň wekilleriniň, eminler toparynyň, lukmanlaryň hem-de ýaryşlaryň ýerine ýetiriji komitetiniň birnäçe mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. 31-nji oktýabrda “Sport” myhmanhanasynda Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň kongresi geçiriler. 

Wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa dünýä çempionatynyň — 2018-nji ýylyň 1-nji noýabryna bellenilen açylyş dabarasynyň baýramçylyk maksatnamasyny hödürledi. 

Hasabatyň çäklerinde çempionatyň ähli çäreleriniň — lukmançylyk, ulag üpjünçiligi, türgenleri we myhmanlary naharlamak işleriniň guralyşy barada aýdyldy. Ýaryşlaryň geçirilýän döwründe Olimpiýa şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän iri söwda merkezleriniň dördüsiniň gije-gündizleýin tertipde işlemegi guralar. 

Wise-premýer agyr atletika boýunça dünýä birinjiligini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek boýunça görülýän çäreler barada aýtmak bilen, türkmen, iňlis we rus dillerinde çempionatyň resmi web-saýtynyň taýýarlanylandygyny habar berdi. Mundan başga-da, ýaryşlaryň geçirilýändigi baradaky habarlar “EURONEWS” teleýaýlymy hem-de 145 ýurduň telewideniýesiniň ýaýlymlary boýunça ýaýradylar. 

Çempionata gatnaşyjylaryň we guramaçylaryň jemi 5 müňüsi bellige alnar. Meýletinçiler, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary üçin lybaslar ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan taýýarlanyldy. 

“Berkarar” söwda dynç alyş merkezinde, “Aşgabat” seýilgähinde we paýtagtymyzyň beýleki künjeklerinde çempionatyň açylyş dabarasyna we ýaryşlara petekleriň satuwy dowam edýär. 

Dünýä derejeli ýaryşlaryň açylyş dabarasy mahalynda baýramçylyk çärelerini guramak boýunça Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Medeniýet ministrligi tarapyndan degişli işler geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmekligiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Ýaryşlara gatnaşyjylar, myhmanlar we tomaşaçylar üçin iň gowy şertleriň üpjün edilmegi zerurdyr, bu iri sport çäresini dessin beýan etmek üçin ähli çäreleri göz öňünde tutmaly. Watanymyzyň halkara sport giňişliginde abraýynyň has-da belende göterilmegi köp babatda bu çäräniň ýokary derejede geçirilmegine bagly bolar. 

Soňra Hökümet mejlisine çagyrylan sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini belledi. Türkmenistan giň gerimli sport baýramçylyklarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär, munuň özi milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň, döwletimiziň halkara abraýynyň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Muňa geçen ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli guralandygy aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, ministr iri halkara sport guramalary tarapyndan geçirilýän dürli assambleýalarda, maslahatlarda we mejlislerde “Aşgabat — 2017” oýunlarynyň nusgalyk mysal hökmünde getirilýändigini belledi. 

Ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi hem üstünliklere beslendi. Bularyň ählisi türkmen türgenlerini täze ýeňişlere ruhlandyrýar, olarda olimpiýa ruhuny pugtalandyrýar. Biziň türgenlerimiz dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän iri ýaryşlarda çykyş etmek bilen, ata Watanymyzyň Baýdagyny belende göterýärler. Dünýäniň iň güýçli türgenlerini özünde jemleýän öňde boljak Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda hem ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň agzalary diňe ýeňiş gazanmagy maksat edinýärler. 

Ministr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dünýä çempionatynyň başlanmagy bilen gutlap, ähli türkmen türgenleriniň we ýaşlarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Agyr atletika boýunça milli federasiýasynyň adyndan döwlet Baştutanymyza ýaryşlaryň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin çakylygy, ýadygärlik nyşanlary we agyr atletikanyň demir taýagyny gowşurdy. 

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri nobatdaky uly sport baýramy bilen gutlady hem-de türkmen agyr atletikaçylaryna dünýä çempionatynyň medallary ugrundaky bäsleşiklerde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýleki möhüm meseleleriň hem birnäçesine garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işlerinde uly üstünlikler, berkarar Watanymyzyň ähli halkyna bolsa “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän şu ýylda abadançylyk arzuw etdi.