TELEKEÇILER DAŞYNDAN GETIRILÝÄN HARYTLARYŇ ORNUNY TUTÝAN ÖNÜMÇILIGI GIŇELDÝÄRLER

photo

Oguzhan etrabynda ýylda 20 müň kub metr agaç gyryndysynyň dykyzlandyrylan gatlagyny öndürýän (DSP) zawodyň işe girizilmegi mynasybetli dabara boldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolan bu zawod milli ykdysady strategiýanyň oýlanyşyklylygyny we netijeliligini görkezdi. Bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde hususy bölegiň ornuny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Türkmen telekeçileri döwletimiz tarapyndan berilýän goldawdan peýdalanyp, halkara ülňülere laýyk gelýän hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşlerini giňeldýärler. 

Meýdany 3 müň 500 inedördül metr bolan täze desga ýeňillikli karz bank serişdeleriniň hasabyna “Agaýana” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Toplumyň çäklerinde dolandyryş binasy, önümçilik, ýylmaýjy hem-de daşyny örtüji we barlaghana bölümleri amatly ýerleşdirilipdir. Ýangyn howpsuzlyk ulgamy, işgärler üçin durmuş şertleri göz öňünde tutulypdyr. 

Bu zawodyň işe girizilmegi bilen onlarça täze iş orny döredildi. Kärhanada şeýle hem laminirlenen agaç gyryndysynyň dykyzlandyrylan gatlagyny öndürmek meýilleşdirilýär, ol diňe bir oňaýly daşky görnüşi we bezegi bilen özüne çekiji bolman, önümiň ulanyş häsiýetiniň has ýokary bolmagyny üpjün edýär. Bu ýerde ini 1 metr 83 santimetr, uzynlygy 2 metr 75 santimetr we galyňlygy 8-den 24 millimetre çenli dykyzlandyrylan agaç gyryndylary öndüriler, olar mebelleri, gapylary ýasamak üçin gurluşykda we beýleki ugurlarda ulanylýar. 

Täze desga Hytaýyň, Türkiýäniň, Eýranyň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Bu ýerde çig mal hökmünde agaç bilen birlikde ekologiýa taýdan arassa gowaça gozasynyň ulanyljakdygyny bellemek gerek, gowaça gozasy ýygym möwsümi tamamlanandan soňra şertnama esasynda ilatdan we hojalyklardan satyn alnar. 

Zawodyň şu gün bolan dabaraly açylyşyna welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köp sanly ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. 

Dabaranyň barşynda bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, ýerli serişdeleriň binýadynda önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply taýýar önümleriň eksportynyň möçberini artdyrmak milli Liderimiziň durmuş ugurly ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 

Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary şu günki dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Tapawutlanan gurluşykçylara bolsa gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.